14 C
Aşkabat
07.03.2021
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Hususy Kärhana Önümlerini Daşary Bazarlara Çykarýar

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy – «Altyn gala gurluşyk» hususy kärhanasy Daşoguz welaýatynda hususy düzümleriň arasynda ilkinjileriň biri bolup öz öndürýän önümlerini daşary bazarlara ugradyp başlady. Häzirki wagtda onuň hersi bäş gektar ýyladyşhanalarynyň ikisi bar. Olarda ýylda bir müň tonnadan gowrak tagamly pomidor ýetişdirilýär. Ýyladyşhanalar Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň awtomatik usulda witaminlik önüm ýetişdirmek üçin zerur şertleri döredýän ýörütelelşdirieln enjamy bilen üpjün edilen. Ol ýylylyk we ýagtylyk, çyglylyk düzgünleriniň ýerine ýetirilmegini hem-de topragy iýmitlendirmek işini üpjün edýär. Kompýuter programmasy ähli tehnologik işe gözegçilik edýär. Taýýar önüm alyjylara ugradylmazdan ozal ýörüte laboratoriýada hil barlagyndan geçirilýär.

Kärhananyň ýyladyşhanalarynda ýetişdirilýän golland sortly pomidorlar hasyllylyyndan we kesellere durnuklylygyndan başga-da, uzak wagt saklanylýandygy, gabygynyň gatylygyna uzak durýanlygy bilen tapawutlanýar, bu bolsa ony uzak aralyklara äkitmage mümkinçilik berýär.

Şonuň üçinem ýurdumyzyň içinden başga-da, ýyladyşhana toplumynyň önümine Russiýada-da isleg bildirilýär, baglaşylan şertnamalara laýyklykda ol ýere täze hasylyň ilkinji tapgyry ugradyldy.

Türkmenistanda ilaty ýylboýy ter gök-miwe önümleri bilen üpjün etmäge niýetlenen ýyladyşhanalar ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Döwlet tarapyndan munuň üçin, şol sanda hususyýetçilere hem zerur şertler döredilýär. «Altyn gala gurluşyk» HK hem uzak möhletleýin onlarça gektar meýdan bölünip berildi, şol ýerlerde täze ýyladyşhanalary tapgyrlaýyn gurmak göz öňünde tutulýar.

Batyr ÖRÄÝEW

Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Paýtagtymyz Boýunça Iş Saparyny Amala Aşyrdy

syrach

Türkmenistan azyklyk bugdaýy eksport edýän

syrach

Bildiriş

turkmenhabargullugy