25.6 C
Aşkabat
30.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Demirgazyk Sebitde Gök-Bakja Önümlerini Taýýarlamak Boýunça Tabşyryk Ýerine Ýetirildi

Daşoguz welaýatynyň ekarançylary gök we bakja önümlerini taýýarlamak boýunça ýyllyk tabşyrygy amal etdiler. Häzirki wagta çenli şu ekinler ekilen 8290 gektar ýerden 47713 tonna ýeralma, 17269 tonna sogan, 8490 tonna käşir, 58 müň 529 tonna bakja önümleri, 4635 tonna kelem, bir müň tonnadan gowrak hyýar, 14 müň 250 tonnadan agarak pomidor taýýarlanyldy.

Bu görkezijiler göz öňünde tutulandakydan has ýokarydyr. S.A. Nyýazow adyndaky we S. Türkmenbaşy etraplarynyň hojalyklary umumy işe uly goşant goşdular.

Daşoguz welaýaty ýurdumyzda gök-bakja önümleriniň dürli görnüşlerini iri öndürijileriň biridir. Çylşyrymly howa şertlerine garamazdan, sebitiň ekarançylary ýurdumyzyň sarp edijilerini ýokary hilli ýokumly önümler bilen üpjün etmäge saldamly goşant goşýarlar. Sebitiň bagbanlary-da ýylba-ýyl bol hasyl bilen begendirýärler. Oba hojalyk innowasiýalarynyň we ýerden – suwdan rejeli peýdalanmagyň sazlaşykly utgaşdyrylmagy, ekinleriň ýokary hasylly hem-de ýerli howa we toprak şertlerine uýgunlaşýan görnüşlerini saýlap almak – netijeli işiň girewidir.

Degişli makalalar

Uzynada: Nobatdaky Guýudan Gazyň Senagat Akymy Alyndy

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Başlyklyk Etmeginiň Çäklerinde Çäreleriň Meýilnamasy Tassyklanyldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistanyň Daşary Syýasaty Içerki Ösüşler we Dünýä Giňişliginde Milli Bähbitleri Üpjün Etmek Üçin Oňaýly Şertleri Döretmäge Gönükdirilendir