24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Türkmen Polipropileninden Gaplar we Gap-Çanaklar Öndürilýär

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ýerleşýän “Lälezar Zaman” hususy kärhanasynda çykarylýan önümleriň görnüşleri köpelýär. Poliwinilhloridden gurluşyk serişdelerini öndürýän belli kärhanada şu ýyl Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän polipropilenden gap-çanak çykarýan seh açyldy.

HK bir gezek ulanylýan sagraklary gatykdyr aýran we et önümleri üçin gaplary, polipropilen pleýonka öndürýär. Häzirki wagtda telekeçiler Gyýanlydaky täze polimer zawodynda öndürilen polipropileniň synag tapgyryndan önüm çykarmagy özleşdirýärler.

2012-nji ýylda döredilen “Lälezar Zaman” hususy kärhanasyndaky ýokary tehnologiýaly enjamlarda her gün 20 müň golaý çenli ýokary hilli bezeglik serişdeleri öndürilýär. Kärhanada daşary ýurtlarda tejribe öwrenen hünärmenler işleýärler.

Häzirki wagtda kärhanada poliwinilhloridden asma profilleriň 400-den gowrak görnüşi, asma potoloklar üçin plastik yşýapgyçlar, 2 we 3 zolakly karnizler hem-de dürli ölçegli kabel kanallary öndürilýär.

“Lälezar Zaman” hususy kärhanasynyň önümleri diňe bir içerki bazarda belli bolman, eýsem Azerbaýjana, Owganystana, Gazagystana, Özbegistana, Türkiýä hem iberilýär.

Degişli makalalar

Nýu-Ýorkda Oýunjak Ýarmarkasy

syrach

Türkmenistanyň Mejlisi Iki Gezek Salgyt Salynmagyny Aradan Aýyrmak Boýunça Germaniýa Bilen Ylalaşygy Tassyklady

syrach

ZAGRAN PASPORT ALMAK (ÇALYŞMAK) ÜÇIN TALAP EDILÝÄN RESMINAMALARYŇ SANAWY.

syrach