34.9 C
Aşkabat
02.08.2025
DURMUŞ

“DERT BILEN” MAGTYMGULY PYRAGY

             DERT BILEN

Gel, köňül, başyňňy çykar dumandan,

Ýeke galdyň gam öýünde dert bilen.

Namart bilen uzak ýola gitmegil,

Baş goşawer bir töwekgel mert bilen.

 

Çyn ärler iblisiň ýoluna gitmez,

Mynafyklar hakyň emrini bitmez,

İman bilen şeýtan bir öýde ýatmaz,

Niçik mydar tapar goýun gurt bilen.

 

Jan şährinde ajal guşlary ýaýlar,

Köňlümiň derýasy möwç urup gaýnar,

Gäwdar ogly doňuz bilen it oýnar,

Beg balasy sadranç oýnar nard bilen.

 

Çyn aşyklar bolmaz tilde käýini,

Muny bilgil, ykrar saklar imany,

Ýakyn gelse ahyrzaman eýýamy,

Dawa artar, ant içerler şert bilen.

 

Pyragy diýr, ýedi yklym, çöl galar,

Ne han galar, ne beg galar, gul galar,

Ne dag galar, ne düz galar, il galar,

Deçjal çykar, tersa jöhit, kürt bilen.

MAGTYMGULY PYRAGY

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Neşirýat Pudagy

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti «Lukoýl» Açyk Görnüşli Paýdarlar Jemgyýetiniň Ýolbaşçysyny Kabul Etdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistan Koronawirus Pandemiýasy Sebäpli Öz Raýatlaryny Daşary Ýurtlardan Getirmegini Dowam Edýär

turkmenhabargullugy