17.9 C
Aşkabat
05.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň Mähriban Halkyna, Edermen Pileçilerine we Ussat Ýüpekçilerine

Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň Mähriban Halkyna, Edermen Pileçilerine we Ussat Ýüpekçilerine

Eziz halkym!

Hormatly pileçiler!

Sizi uly zähmet ýeňşiňiz — pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamaňyzy ýerine ýetirip, Watanymyzyň pile harmanyna 2040 tonna golaý pile tabşyrmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dokma senagaty pudagyny yzygiderli ösdürmek, pudagyň işgärleriniň, şol sanda, pileçilerimiziň hem-de ýüpekçilerimiziň yhlasly we öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär, olaryň halal zähmetine mynasyp baha berilýär.

Edermen pileçilerimiziň yhlas siňdirip, irginsiz çeken zähmetiniň netijesinde öndürilen piläniň bol hasyly bagtyýar durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyzyň halal ojaklarynyň berekedidir, ata-babalarymyzyň gadymy hünärleriniň biri bolan ýüpekçiligiň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan dokma senagatyny ösdürmekde ýüpek önümçiligi aýratyn üns berilmäge mynasypdyr. Türkmen halky ýüpekçilik babatda şan-şöhratly geçmişe eýedir. Häzirki wagtda ýüpekçilik pudagynyň önümçilik binýady dolulygyna täzelendi, keteni öndürmegiň gadymy sungaty gaýtadan dikeldildi, türkmen ýüpeginden ýurdumyzda ilkinji gezek panbarhatyň täze görnüşleri çykarylyp başlandy. Biz geljekde ýüpekçilige goýberilýän maýa goýum serişdeleriniň möçberini has-da artdyrmagy göz öňünde tutýarys. Bu bolsa ilatymyz üçin goşmaça täze iş orunlaryny döretmäge, gymmatly çig malyň öndürilýän mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Edermen pileçiler!

Zähmetsöýer ýüpekçiler!

Türkmen halkynyň in gadymy senetleriniň biri bolan ýüpekçilik öz gözbaşyny taryhyň irki döwürlerinden alyp gaýdýar. Ata-babalarymyz müňlerçe ýyl mundan ozal ýüpek süýümlerinden matalary öndürmek üçin pile önümçiligini ýola goýupdyrlar, bu ugurda ýokary ussatlyga we kämillige ýetipdirler. Ýüpekçilik işiniň milli däpleri asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilipdir. Ýüpekden ajaýyp halylary, matalary dokamagyň usullary döredilip, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.

Ýaýylyp ýatan düzlükleriň, daglyklaryň we çöllükleriň üstünden gündogardan günbatara uzap gidýän kerwen ýollary «Beýik Ýüpek ýoly» diýlip atlandyrylypdyr. Bu ýoluň ady iňňän gymmat bahaly harydyň — ýüpegiň ady bilen baglanyşyklydyr. Ol özüniň berkligi, ýeňilligi we owadanlygy bilen aýratyn tapawutlanypdyr. Türkmen topragynyň gadymy merkezleriniň biri bolan Merwde eýýäm orta asyrlarda pile taýýarlamak boýunça kärhanalar işläpdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýüpekçilik pudagy özüniň gaýtadan döreýşini başdan geçirýär. Ýüpek önümçiligi täze talaplara laýyklykda guraldy. Aşgabadyň ýüpek fabrigi we Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi öndürilýän ýüpegi gaýtadan işleýän esasy kärhanalar bolmak bilen, olar doly döwrebaplaşdyryldy hem-de häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Bu kärhanalarda ýüpek halylaryny, milli keteni matalaryny we beýleki önümleri taýýarlamak üçin täze önümhanalar açyldy. Zenanlarymyzyň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýan panbarhat matalaryny öndürýän Ruhabadyň panbarhat fabrigi häzir ýüpek süýümi bilen bökdençsiz üpjün edilýär.

Ýurdumyzyň oba ýerlerinde telekeçilige goldaw bermek we ony höweslendirmek maksady bilen ýüpekçiligi ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýörite nahalhanalarda we birnäçe daýhan birleşiklerinde ýüpek gurçuklarynyň iýmit gory bolan tut agaçlarynyň her ýylda müňlerçe düýp nahaly ösdürilip ýetişdirilýär. Olar ýüpek gurçuklary üçin esasy iýmit bolan tut ýapraklarynyň möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Tut agaçlarynyň ekin meýdanlarynyň töwereginde oturdylmagy gowaçany we beýleki oba hojalyk ekinlerini gyzgyn epgek ýellerden goramaga, suwaryş akabalarynyň kenarlaryny berkitmäge, daşky gurşawyň ekologiýa abadançylygyny döretmäge hem ýardam edýär. Munuň özi ýüpekçiligi pagtaçylyk bilen utgaşdyrmaga we şol bir ýerden goşmaça önüm we girdeji almaga mümkinçilik döredýär.

Eziz watandaşlar!

Edermen pileçiler!

Men sizi we ähli türkmen halkymy pile tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilip, uly zähmet üstünliginiň gazanylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, abadan durmuş, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda çekýän yhlasly zähmetiňizde has-da belent sepgitlere ýetmegiňizi arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

Söweş Sportunyň Janköýerleri Üçin Kikboksing Çykyşlary

Uçarlara Merkezleşdirlen Ýangyç Guýmak Ulgamy Gowy Girdeji Berdi