09.05.2024
DURMUŞ

Dessegül Orazgylyjowa “Talyp Gözeli – 2016” Diýen Ada Mynasyp Boldy

Türkmen döwlet medeniýet institutynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we Zenanlar birleşigi bilen bilelikde ýokary okuw mekdepleriniň arasynda her ýylda guraýan “Talyp gözeli” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. 

Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp geçirilen bu bäsleşige öň ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen bäsleşigiň ýeňiji bolan gyzlary gatnaşdylar. 

Üç tapgyrdan ybarat bolan bäsleşik ýurduň iň owadan talyby diýen at ugrunda oňa gatnaşyjylaryň döredijilik çykyşlaryndan başlandy. Gyzlar biri-biriniň yzyndan wokal we tans ussatlyklaryny görkezdiler, goşgulary çeper okadylar, meşhur edebiýat eserlerinden monologlary okadylar. 



Bäsleşigiň ikinji ady bäsleşige gatnaşýan gyzlaryň aşpezlik başarnyklaryny görkezmekden ybaratdy. Gyzlar başarjaňlyk bilen onuň hötdesinden gelmegi başardylar. Gyzlar onda abraýly emin agzalaryny diňe bir tagam taýýarlamak bilen geň galdyrman, eýsem olary saçak başyna äbermek usuly bilen hem geň galdyrdylar. 

Milli äheňde tikilen owadan köýnekleri görkezmek bäsleşigiň jemleýji tapgyry hem-de baýramçylyk çäresiniň ýokary baş derejesi boldy. 



Bäsleşigiň ýokary baýragyna we “Talyp gözeli – 2016” diýen ada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Dessegül Orazgylyjowa mynasyp boldy. Birinji orny  Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Selbi Agyşowa eýeledi. Ikinji orna Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Dilnowaz Çarygulyýewa we üçünji orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Merjen Ýagmyrowa mynasyp boldy. 

Ýeňiji bolanlara ýörite diplomlar, ýadygärlik sowgatlary we owadan güllerden bogulan gül çemenleri gowşuryldy. Baýramçylyk çäresiniň bäsleşik bölegi tamamlanandan soňra Türkmen döwlet medeniýet institutynyň döredijilik toparynyň taýýarlan baýramçylyk konserti görkezildi.

Degişli makalalar

Yabancıların İkamet Başvurusunda Harç Ödemeleri Hakkında

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Çagalary Sazlaşykly Terbiýelemek Meseleleri Boýunça Iş Maslahatyny Geçirdi

Aşgabat-Türkmenabat Awtobany Gurluşygyna Badalga Berildi

turkmenhabargullugy