24.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Disneýiň «Fantaziýasy» Resul Gylyjowyň Simfoniki Orkestriniň Beýanynda

14-nji iýunda Magtymguly adyndaky Sazly-drama teatrynda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri «Disneý. Fantaziýa» konsertini berer. Şu ýyl «Fantaziýa» atly doly metražly animasion filmiň ekrana çykanyna 80 ýyl dolýar.

Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň 2019-njy ýylda Uolt Disneýiň animasion filmlerine sazlaryň esasynda taýýarlan premýerasy şowly bolupdy.

Geljekki konserte taýýarlygyň arasyndaky kiçeňräk böwşeňlikde men Resul Gylyjow bilen söhbetdeşligi: «Bu gezek bizi nädip geň galdyrmakçy?» – diýen sowaldan başladym.

-Animasion-sazly taslamanyň birinji bölegi biziň üçin döredijilik synagydy – diýip Resul gürrüň berdi. – Belli nusgawy eserleri multipikasiýa bilen utgaşdyrmak täzelik däl, ony dünýäniň dürli ýurtlaryndaky esasy orkestrler üstünlikli durmuşa geçirýärler. Biziň ýörelgämiz dünýä meşhur sazlaryň professional ýerine ýetirilmegini gazanmaga we animasiýany sazlaşykly utgaşdyrmaga, saz leksikasyna hat-da körpeler hem düşüner ýaly etmäge esaslanýar.

Çagalarda ertekiler arkaly saza tapbilerligi ösdürmäge ýardam etmek – gyzykly hem jogapkärli iş. Eger-de baş gahryman Mikki Maus bolmasa «Jadygöýiň şägirdi» multfilminden Pol Dýukyň simfoniki skersosyny çaga zor bilen diňledip bolmasa gerek. Çagalar «Jürlek we Syçanlar şasy» atly ajaýyp multfim arkaly kompozitor Pýotr Çaýkowskini, gujurly galaýy esger baradaky ertekiden amerikaly kompozitor Jorj Gerşwini tanaýarlar…

-Sazandalar wezipä hötde gelýärlermi?

-Repetisiýa geçmek – köpugurly iş. Biz diňe bir Bahyň, Bethoweniň, Çaýkowskiniň, Musorgskiniň, Dýukyň, Gerşwiniň… eserlerini arassa ýerine ýetirmeli däl-de, eýsem sazy animasion filmiň her kadryna gabat getirmeli. Şonuň üçinem repetisiýalar sessiz wideoşekiller görkezilip durka geçilýär we her bir intonasion aksent hetjiklenýär. Konsertimiziň baş gahrymany – Onuň Alyhezreti Saz, ol diňe bir hekaýaçy bolman, eýsem gahrymanlaryň duýgysyny beýan etmelidir, çylşyrymly ýordum öwrümlerinde gid bolmalydyr.

-Siziň medeni-bilim taslamyňyz çagalara niýetlenenmi?

-Esasan şolara. Ýöne çeper we kontrast saz dili bilen gürrüň berlen gyzykly disneý wakalary, gürrüňsiz, ulylary-da özüne maýyl eder. Magtymguly adyndaky Sazly-drama teatrynyň akustikasy ajap, biz hem Disneýiň «Fantaziýasynyň» melodiki göwrümli we çeper beýanyny göwnejaý ýerine ýetirmäge çalşarys.

-Üstünlik arzuw edýäris we täze konsertiň premýerasyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Konsert sagat 19-da başlanýar.

Tamara GLAZUNOWA
Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Ulag Düzümleri Sebitleri Durmuş-Ykdysady Taýdan Ösdürmegiň Möhüm Şertidir

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi (Daşary Ýurt Döwletlerine Gitmek we Türkmenistana Gelmek Baradaky Hukuklary Hakynda)

turkmenhabargullugy

“Rheinmetall” Kompaniýasynyň Sürüjisiz Halas Ediji Tehnikasy