36 C
Aşkabat
14/08/2020
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Türkmen Arhitektorlary Halkara Bäsleşikleriniň Üçüsine Gatnaşdylar

Arhitektor Baýram Şamyradowyň ýolbaşçylyk edýän «ABK» döredijilik ussahanasy täze taslamalaryň birnäçesini halkara arhitektura bäsleşikleriniň eminler toparlaryna hödürledi. Aşgabatly arhitektorlaryň işleriniň möhüm bir artykmaçlygy – olaryň görnüşi we deňeçerligi tebigatdan nusga alynmagydyr.

Hut owadan «gül» keşbiniň we bionika ýörelgeleriniň ulanylmagy netijesinde hem «Çopantelpek» çagalar bagynyň taslamasy Russiýanyň Arhitektorlar birleşmesiniň «Сады Придонья» kompaniýasynyň tabşyrygy esasynda guran bäsleşiginiň guramaçylarynyň ünsüni özüne çekdi.

Aşgabatly arhitektorlaryň işinde ulanylan çeperçilik tilsimi – sary özeniniň daşyndaky ak reňkleriň çalşygy göwrümli kompozisiýany kemala getirýändigi üçinem binanyň sudurynda çeýe we çeper sazlaşyk döredýär. «Gül ýapraklary» giňişligi simmetrik zolaklara – oýunlar, okuw, aýdym-saz, sport zolaklaryna şertli bölýär. Onuň ýokarsyndaky gatdaky çagalaryň ýatýan otagynyň ýaşaky bölegi diňe bir basgançaklar däl, eýsem pandus bilenem birleşdirilýär. Içki otaglaryň binanyň okuna laýyklykda şu kysmy ýerleşdirilmegi diňe bir oňa berk tertip bermän, eýsem meýdanyny hem giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Bio-tek usulyndaky bionika arhitekturasy, daşky gurşaw – adaty, tebigy ýa-da şäher gurşawy bilen baglanşygy aşgabatly binagärleriň beýleki işlerinde hem ýüze çykýär. «ABK» toparynyň ýerli şertlerde gurmak üçin taýýarlan mekdebe çenli çagalar edaralary üçin taslamalarynyň biri kädi güli şekilinde ýerine ýetirilipdir.

«ABK» awtorlar toparynyň soňky işleriniň arasynda Kanadanyň Bilim ministrliginiň 2020-nji ýylda yglan eden halkara bäsleşigine hödürlenen umumy bilim berýän mekdebiň taslamasy hem bar. Aşgabatly binagärler mekdep binasynyň taslamasyny – bu Demirgazyk Amerikasy ýurdunyň nyşany bolan kerkaw ýapragy görnüşinde taýýarlapdyrlar.

Dubaýyň (BAE) şäher häkimliginiň geçirýän bäsleşigine aşgabatly arhitektorlaryň iberen gyzylinjiklere syn etmek üçin bukalganyň özboluşly taslamasy hem bio-tek ýörelgesine esaslanýar. Goh-galmagally megapolisden bary-ýogy birnäçe kilometr uzaklykdaky Dubaý kiçeňräk aýlagynyň batgalygynda Ras-Al-Hor (Ras Al Khor) tebigy goraghanasy ýerleşýär, bu ýerde guşlar höwürgeleýärler.

Goraghananyň perimetriniň ugrunda gyzylinjiklere syn edilýän bukalga enjamlaşdyrylypdyr. Goraghanany abadanlaşdyrmak boýunça taslamanyň çäklerinde gyzylinjiklere gözegçilik etmek merkezini döretmäge bäsleşik yglan edildi.

Aşgabatly arhitektorlar üçegi kaşaň ganatlaryny giňden ýaýan guş şekilli binanyň taslamasyny işläp taýýarladylar. Bu arhitektura keşbini döretmekde arhitektura bilen heýkeltaraşlygyň sazlaşygynyň ähmiýeti ulydyr. Binanyň heýkeltaraşlyk keşbi oňa gaýtalanmaz keşp berýär.

«ABK» ussahanasynda diňe bir bäsleşikler üçin kreatiw taslamalar taýýarlanylman, eýsem olar ýurtdaky şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge-de işjeň gatnaşýarlar. Häzirki wagtda kompaniýanyň hünärmenleri Aşgabadyň günbatar bölegindäki ýaşaýyş jaý toplumynyň ikinji tapgyryndaky jaýlaryň, paýtagtyň demirgazygyndaky kölüň töwereginde döwrebap dynç alyş düzümleriniň çyzgysyny, Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna resminamalary hem işläp taýýarlaýarlar.

Wladimir KOMAROW
Çeşme:turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Boas Aziýa Forumynyň Onlaýn-Duşuşygynda Pandemiýa Şertlerinde Ýüze Çykan Wehimleri Ýeňip Geçmek Boýunça Türkmenistanyň Eýeleýän Orny Beýan Edildi

BILDIRIŞ

syrach

Birža Täzelikleri