13.9 C
Aşkabat
18.05.2024
SPORT

«Dostluk» Kubogy ugrundaky oýunlarda ýarym finalçylar belli boldy

Türkmen paýtagtynda futbol we basketbol boýunça ýetginjekleriň arasynda dowam edýän “Dostluk” Kubogy ugrundaky ýaryşlarda ýarym finalçylar belli boldy.

Futbolçylaryň arasynda birinji ýarym final jübüti “Mary” we “Ahal”, ikinji jübüti bolsa “Balkan” we “ÇÝORSM” düzdüler. Bu şu gün toparlarda geçirilen ýaryşlaryň jemleýji gününde belli boldy.

“A” toparynda “Mary” “Lebaby” 5:2 hasaby bilen ýeňdi, Aşgabat şäher sport komitetiniň futbol sport mekdebiniň “Aşgabat” we Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň “ÇÝORSM” toparlary 2:2 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Şeýlelikde Mary welaýatynyň wekilleri 7 oçko topladylar we toparda birinji orny eýelediler, “ÇÝORSM” topary bolsa 5 oçko bilen ikinji orna mynasyp boldy.

“B” toparynda “Ahal” “Daşogzy” 5:1 hasaby bilen, “Balkan” bolsa “Olimp” toparyny 3:2 hasaby bilen ýeňdiler hem-de ýurdumyzyň ussat sport mekdepleriniň birini ýeňişli orunlardan çetleşdirdiler. Netijede “Balkan” we “Ahal” birmeňzeş – 7 oçko topladylar. Emma pökgüleriň tapawudy boýunça ýaryş sanawynyň öňüni Balkan welaýatynyň futbolçylary çekmegi başardylar. Ahalyň wekilleri bolsa ikinji orny eýelediler.

Basketbol boýunça ýaryşda 14-nji maýda ýarym final oýunlarynda “Olimp” – “Lebap” we “Aşgabat-1” – “Balkan” duşuşarlar.

“A” toparynda jemleýji tapgyrda “Balkan” “Daşogzy” 75:40 hasaby bilen ýeňen bolsa, “Olimp” sport mekdebiniň basketbolçylary ”Ahaly” 77:42 hasaby bilen ýeňip, üçünji ýeňşini gazandy. Netijede “Olimp” 6 oçko toplady. Ikinji orna 5 oçko bilen “Balkan” mynasyp boldy.

“B” toparynda 6 oçkosy bolan “Aşgabat-1” “Lebaby” 61:44 hasaby bilen ýeňip, birinji orny eýeledi. “Lebap” 5 oçkosy bilen ikinji orna mynasyp boldy. Beýleki oýunda “Mary” “Aşgabat-2” toparyny 59:26 hasaby bilen ýeňdi we 4 oçko toplady. Emma bu ýarym finala çykmak üçin ýeterlik bolmady.

Basketbol ýaryşy boýunça oýunlar D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda, “Dostluk” Kubogy ugrundaky futbol ýaryşlary bolsa “Köpetdag” stadionynda geçirilýär. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmen futbolçylary AFK-2012 çagyryş Kubogy ugrundaky ýaryşyň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar

syrach

V Aziýa Oýunlarynyň Senasynyň Iň Gowy Görnüşini Seçip Almak Boýunça Bäsleşik Yglan Ediler

turkmenhabargullugy

«Köpetdag» Futzal Boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogyny Eýeledi