13.9 C
Aşkabat
18.05.2024
DURMUŞ

Sport we syýahatçylyk parahatçylygyň, döredijiligiň we sagdynlygyň kepilidir

paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde “Sport we syýahatçylyk beýik Galkynyş zamanasynda” atly halkara sergisi we ylmy maslahat öz işine başlady. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän bu çäreleri Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy guradylar.

Şu ýyl sergä kompaniýalarynyň we firmalaryň 80-den gowragy gatnaşýar. Olaryň köpüsi Türkiýeden, Hytaýdan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Müsürden, ABŞ-den, Awstriýadan, Russiýadan, Eýrandan, Hindistandan, Horwatiýadan, Ukrainadan, Gazagystandan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen şu ulgamdaky meşhur kompaniýalardyr.

Sergide ýurdumyzyň döwlet we hususy kärhanalary, guramalary, syýahatçylyk we sport ulgamynyň düzümleýin edaralary özleriniň giň möçberli ekspozisiýasyny hödürleýärler.

Halkara sergisiniň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, ylym we medeniýet işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşýarlar.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny üns berip diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Halkara serginiň we ylmy maslahatyň sport we syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we özara bähbitli tejribe alyşmak üçin oňat meýdança boljakdygyna ynam bildirdi. Syýýahatçylyk we sport ulgamy Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda syýahatçylygy höweslendirmek we ösdürmek babatda ägirt uly işler amala aşyryldy. Syýahatçylygyň milli ykdysadyýetiň örän girdejili pudagyna öwürmek üçin ähli mümkinçilikleri bar. Bir mahallar çäginden asyrlaryň dowamynda Gündogary we Günbatary, Aziýany we Ýewropany baglaşdyran Beýik Ýüpek ýoly geçen Türkmenistan häzir türkmen halkynyň baý taryhy we özboluşly medeniýeti, türkmen topragynyň täsin tebigaty bilen tanyşmak isleýän köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň üns merkezindedir. Ýurdumyza bolan bu gyzyklanma günsaýyn artýar. Bularyň ählisi şypahana dynç alyşyny, ekologiýa, arheologiýa, etnografiýa we sport syýahatçylygyny ösdürmek üçin ajaýyp şertleri döredýär.

Hazaryň kenarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky deňi-taýy bolmadyk taslamasy durmuşa geçirilýär. Munuň özi türkmen Lideriniň giň möçberli özgertmeleriniň aýdyň netijesidir, ýurdumyzyň ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe gitmeginiň ajaýyp mysalydyr, “açyk gapylar” syýasatynyň özboluşly nyşanydyr.

Sanlyja ýylyň içinde deňiz kenarynda halkara syýahatçylyk merkeziniň ajaýyp binagärlik toplumlary – kaşaň “Watançy” , “Hazyna”, “Çarlak”, “Nebitçi”, “Kerwen”, “Kuwwat”, “Arzuw” myhmanhanalary guruldy. Türkmenbaşy şäherindäki iň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan halkara derejesindäki aeroport, kuwwatly gaztrubina elektrik stansiýasy, deňiz suwuny süýjediji desga şypahana düzüminiň üstüni ýetirdi. Awazanyň içinde uzynlygy ýedi kilometre barabar bolan gämi gatnawly derýa guruldy. Özboluşly awtoulag we pyýadalar üçin niýetlenen köprüler bilen birleşdirilen bu derýanyň kenarlarynda emeli kölleri we suwa düşülýän ýerleri, anfiteatrlary, garbanyşhanalary we restoranlary, deňiz gämileri hem-de gezelenç etmäge niýetlenen gaýyklar üçin duralgalary bolan dynç alyş zolagy ýaýylyp gidýär. Bu ýerde häzirki zaman sport ulgamy döredilýär – deňziň kenarlarynda we Awazanyň akabalarynda suw-sport şüweleňleri, suw lyžalary, windsýorfing, gaýyklarda ýüzmek boýunça gyzykly ýaryşlar geçiriler.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda hem pudagy ösdürmäge uly üns berilýär. Şol ýeklerde täsin taryhy—binagärlik ýadygärlikleri we tebigy toplumlar ýerleşýär. Olarda häzirki zaman şypahana ulgamynyň kemala getirilmegine, täze şypahanalaryň gurluşygyna we öňden barlarynyň durkunyň täzelenmegine, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylyşyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Türkmenistanyň sport durmuşynda taryhy waka bolup geçdi. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň çözgüdine laýyklykda Aşgabat ýapyk jaýlarda we söweşjeň sungat boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge hukuk gazandy. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi yklymyň 45 ýurduny birleşdirýän iri sport guramasydyr.

Elbetde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy başlangyjy bu çözgüdiň kabul edilmeginde möhüm orny eýeledi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşdy.

Şu günki sergi hem ýokardaky aýdylanlaryň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Onuň ekspozisiýalaryny birnäçe bölümlere – syýahatçylyk gulluklary, halkara, milli we sebitleýin syýahatçylyk kärhanalary, myhmanhanalar we şypahanalar we sport guramalary, ajaýyp ýerler, ulaglar hyzmatlary, şeýle hem işi syýahatçylygy we sporty ösdürmek bilen gönüden-göni baglanyşykly düzümler bölümlerine bölmek bolar. Mysal üçin, daşary ýurtly kompaniýalardan başga-da, sergide ýurdumyzyň döwlet we hususy syýahatçylyk kärhanalary, şeýle hem Türkmenistanyň käbir minitsrlikleri we pudak edaralary öz mümkinçiliklerini görkezýärler. Olar myhmanlary gadymy türkmen topragy boýunça gyzykly syýahata çagyrýarlar. Olaryň sergidäki ýöriteleşdirilen stendleri Türkmenistanda syýahatçylygyň ähli görnüşleriniň çalt depginler bilen ösýändigini aýdyň görkezýär. Milli syýahatçylyk gulluklary tarapyndan işlenip düzülen ugurlar türkmen topragynyň täsin tebigaty we taryhy bilen tanyşmaga gyzyklanma bildirýänleriň isleglerini kanagatlandyrmaga ukyplydyr.

Serginiň esasy maksatlarynyň biri hem häzir uly ösüşlere eýe bolýan ýurdumyzyň sportunyň gazananlaryny, mümkinçiliklerini we geljegini aýdyň görkezmekden ybaratdyr. Bu ýerde dürli sport we syýahatçylyk esbaplary, enjamlar, türkmen sportçulary tarapyndan dürli derejedäki halkara ýaryşlarynda eýelenilen köp sanly kuboklar, baýraklar, medallar görkezilýär. Olaryň ählisi döwletiň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini wagyz etmek hem-de ýokary netijeler sportuny höweslendirmek meselelerine berýän ägirt uly ünsüniň aýdyň netijesidir. Serginiň birinji gatynda sport meýdançasy ýerleşdirlipdir. Onda pälwanlar, karateçiler, boksçular, alpinistler we beýlekiler öz ussatlygyny görkezýärler.

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde , hatda iň alysdaky obalarda hem sport merkezleriniň we mekdepleriň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ýöredýän “açyk gapylar” syýasatynyň, giň halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynyň, ýurdumyzda iri halkara ýaryşlarynyň geçirilmeginiň we türkmen sportçularynyň olimpiýa hereketine has giň gatnaşmagynyň netijesinde ýurdumyzyň sportunyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýakyn ýyllarda paýtagtymyzda özüniň möçberleri bilen haýran galdyrýan täsin Olimpiýa şäherjigi peýda bolar. Şol şäherjigiň şekili bolsa şu sergide görkezilýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk, özüne 30-dan gowrak desgany birleşdirýän bu ägirt uly toplum islendik derejedäki, şol sanda halkara derejesindäki ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrülmek bilen çäklenmän, eýsem kämil türkmen sportçularyny we milli toparlary taýýarlamak, dünýä sport arenasynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik etmäge ukyply türkmen sportçularynyň täze neslini terbiýeläp ýetişdirmek üçin ajaýyp häzirki zaman merkezi bolup hyzmat eder.

Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde, Sergi köşgünde adybir halkara ylmy maslahat açyldy. Maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan ýokary okuw mekdepleriniň we döwlet edaralarynyň wekilleri Aşgabada geldiler.

Maslahatyň gün tertibine syýahatçylygy we sporty ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Türkmenistanda syýahatçylygyň hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeler sportunyň ösdürilmegi barada gürrüň berýän wideo tanyşdyrylyş ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi.

Umumy mejlisde sport we syýahatçylyk işewürligi ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň geljegine hem-de mümkinçiliklerine degişli meselelere garaldy. Maslahata gatnaşyjylaryň dykgatyna Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiligi we täze Galkynyş eýýamynda sportuň ösdürilişi baradaky çykyşlar hödürlenildi.

Halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň guramaçylary tarapyndan olara gatnaşyjylar üçin uly medeni maksatnama taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda myhmanlar türkmen paýtagtynyň ajaýyp ýerleri bilen tanyşarlar.

Ertir halkara sergisi we ylmy maslahat öz işini dowam etdirer. Maslahatyň üç bölüminde geçiriljek mejlislerde beýleki meseleler bilen birlikde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri we syýahatçylygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi, sportçularyň beden taýýarlygynyň usulýeti we amalyýeti, syýahatçylyk hyzmatlaryny ösdürmekde infrastrukturanyň ähmiýeti, Awaza dünýä syýahatçylygynyň täze merkezidir diýen meselelere hem garalar. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Oraza Baýramyny Bellemek Hakynda

Türkmenistanyň Prezidenti Sanly Wideoaragatnaşyk Arkaly Iş Maslahatyny Geçirdi

Türkmenistanyň Nebiti, Gazy we Mineral Serişdeleri Žurnalynyň Nobatdaky Sany Çap Edildi

turkmenhabargullugy