04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Dostlukly gatnaşyklaryň ýyl ýazgysyndaky täze döwür.

1-2 oktýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimowyň resmi sapary boldy. Bolup geçen gepleşikler, saparyň dowamynda gol çekilen döwletara we hökümetara ylalaşyklar – iki ýurduň hyzmatdaşlygy berkitmäge, türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary giňeltmäge ymtylýandyklaryna şaýatlyk edýär. 

Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň örän netijelidigi gürrüňsizdir. Muňa türkmen-öübek gatnaşyklarynyň ýokarlanýan ösüş depgini hem şaýatlyk edýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Islam Karimowyň, degişlilikde, Özbegistan Respublikasyna we Türkmenistana iki ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň resmi saparlarynyň çäklerinde bolup geçen gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga güýçli itergi berdi. Aşgabat we Daşkent sebitleýin we global howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmekde, owgan meselesini parahatçylykly ýol bilen çözmek üçin täze netijeli ugurlary döretmekde, halkara terrorçylygyna we ekstremizme, narkotrafige, guramaçylykly we serhetüsti jenaýatçylyga garşy göreşmekde birmeňzeş orny eýeleýärler. 

Biziň ýurtlarymyzyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy, hususanda, Birleşen Milletler Guramasy bilen, dünýä ýüzünde konstruktiw we netijeli hyzmatdaşlygyň mysaly bolup durýar. Özbegistan we Türkmenistan umumy ykrar edilen kadalara we sebitiň ýurtlarynyň gyzyklanmasyny hasaba almak bilen, halkara hukuk ýörelgelerine esaslanýan Orta Aziýada suw-energetika meselelri boýunça umumy ýörelgä salgylanýarlar. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem uly göwrüme eýedir. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeniýet boýunça türkmen-özbek bilelikdäki toparyň netijeli işleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde we çuňlaşdyrmakda bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedir. Bu toparyň şu ýyl Aşgabatda (aprel) we Daşkentde (sentýabr) bolup geçen mejlisleri özara bähbitli köp ugurly hyzmatdaşlygyň güýçlenýändigine şaýatlyk edýär. Bilelikdäki toparyň Aşgabatda geçirilen mejlisiň çäklerinde türkmen-özbek biznes-forumy geçirildi. Bu özara bähbitli we uzak möhletleýin esaslarynda ýola goýlan iki ýurduň arasyndaky ilerleýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýolunda nobatdaky ädilen ädim boldy. Türkmen-özbek ykdysady özara gatnaşyklaryň netijelidigine maglumatlar hem şaýatlyk edýär. Söňky bäş ýylyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanşygy bäş esse artdy. Bu görkeziji 2011-nji ýylda 500 mln. dollardan hem ýokary boldy. 

Türkmenistan we Özbegistan özara söwdanyň möçberlerini ardyrmak we harytlaryň görnüşlerini giňeltmek, maýa goýumlaryny işjeňleşdirmek, dürli pudaklarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak, özara hereket etmegiň täze möhüm görnüşlerini, hususanda telekeçilik ugry boýunça, işläp taýýarlamak boýunça ähli mümkinçiliklere eýedir. Geosyýasy ýagdaýlary we serişdeler mümkinçiliklerini nazara almak bilen, milli ykdysadyýetleriň ýangyç-energetika we ulag-kommunikasion ulgamy özara gyzyklanmalarda gelejegi has uly ulgamlardyr. 

Möhüm strategiki çig maly eksport etmegiň ugurlaryny diwersifikasiýa etmäge şert döreden iri gaz geçirijisi bolan Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylmagy iki ýurduň netijeli özara gatnaşygynyň ynamly nusgasy bolup hyzmat edýär. Iki döwletiň çäkleri boýunça üçünji döwlete yzygiderli ýük daşalmagynyň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň we Özbegistanyň üstaşyr geçirijiliginiň örän ýokarydygyna şaýatlyk edýär. Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman-Katar täze halkara ulag-kommunikasion geçelgesini döretmek boýunça Aşgabatda gol çekilen ylalaşygyň taryhy ähmiýetiniň bardygyny belläp geçmelidiris. Bu uly göwrümli taslamamnyň iş ýüzünde amala aşyrylmagy biziň söwda-ykdysady gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk hem berkidilmegi üçin amatly şertleri döreder, üstaşyr geçirlýän ýükleri artdyrmaga öňyn täsirini ýetirer. 

Önümçilik we senagat, energetika, şeýle hem okuw-barlag enjamlary, oba hojalyk tehnikasy, gurluşyk önümleri, mebel, azyk ulgamynda, ýeňil we farmasewtika senagaty boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlary işjeň ösdürilýär. 

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy hem döwletara integrasiýasynyň möhüm ýagdaýy bolup durýar. Bu barada aýtmak bilen, 2010-njy ýylda Prezident Islam Karimowyň Türkmenistana bolan resmi saparynyň dowamynda gol çekilen 2011-2013-nji ýyllarad medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk baradaky Maksatnamasy barada belläp geçmelidiris. Özbegistanyň we Türkmenistanyň wekilleri iki ýurtda geçirilýän festiwallara, sergilere we maslahatlara yzygiderli gatnaşýarlar. Hususanda, Türkmenistanyň sungat ussatlary Samarkantda geçirilýän „Şark taronalary“ halkara sazly festiwala yzygiderli gatnaşýarlar. 2010-njy ýylyň oktýabr aýynda Daşoguzda bolup geçen ajýyplygy bilen ýatda galan özbek-türkmen Dostluk festiwalyny hem munuň üstüne goşmalydyrys. Şu ýylyň 6-njy maýynda Buharada uly üstünlik bilen geçirilen iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti onuň logiki taýdan dowamy boldy. 

Şu ýylyň aprel aýynda Daşkentde uly üstünlik bilen gçirilen Türkmen kinosynyň günleri medeni alyş-çalşyň sene ýazgysynyň aýdyň sahypasy boldy. Onuň çäklerinde Daşkent, Buhara şäherlerinde, şeýle hem türkmenleriň güri ýaşaýan ýri bolan Daşkent oblastynyň Ak-kurgan raýonynda döredijilik duşuşyklary geçirildi. 

Bu entek gelejekde biziň özara gatnaşyklarymyzy berkitmekde we giňeltmekde uly ähmiýete eýe bolan gün-günden berkeýän iki taraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň doly sanawy däldir. 

Mälim bolşy ýaly, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimowyň Türkmenistana ýaňy-ýakynda bolan raşesmi saparynyň öňisyrasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamy boýunça täze ikitaraplaýyn ylalşyklaryň birnäçesine gol çekildi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Özbegistan Republikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ylmy we tehnologiýalary ösdürmegi utgaşdyrmak boýunça komitetiniň arasynda başlangyç ylmy-barlag taslamalarynyň bilelikdäki bäsleşigini geçirmek baradaky Ylalaşyk, şeýle hem Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň we Özbegistan Respublikasynyň Çeperçilik akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyk bar.

referans:www.turkmenistan.gov.tm 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi.

syrach

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Ilçihanasynyň Täze Binasyny Açdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Döwlet Sapary Bilen Ugraýar

syrach