04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Putin Nursoltan Nazarbaýew bilen duşuşdy.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen duşuşdy.

Putin özara duşuşykdan soň metbugata beren beýanatynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň söwda we ykdysady taýdan pugtalandyrylmagy üçin tagalla etjekdiklerini nygtap, Russiýa bilen Gazagystanyň tebigy gaz we nebit öndürýän ýurt bolandygyny belledi.

Nazarbaýew hem Russiýada 3 müňden gowrak gazak firmasynyň, Gazagystanda hem 1700-e golaý rus firmasynyň iş alyp barýandygyny aýtdy.

Russiýanyň Gazagystanda has köp maýa goýmagyny islän Nazarbaýew gatnaşyklaryň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy çäginde pugtalandyrylmalydygyny nygtady.

Gazagystan Russiýanyň Orta Aziýadaky iň uly strategik hyzmatdaşy hökmünde esasy rol oýnaýar.

Russiýanyň öňbaşylyk etmeginde döredilen gümrük bileleşiginiň hem agzasy bolan Gazagystan Ýewraziýa Bileleşiginiň döredilmegi üçin hem Russiýa goldaw berýär. 

Degişli makalalar

Atavatan Türkmenistan Halkara Žurnalynyň Nobatdaky Sany Çapdan Çykdy

syrach

Türkmenistan İstanbul Başkonsolosluğunun Yeni Adresine Nasıl Gidilir?

turkmenhabargullugy

Azyk Bolçulygyny Üpjün Etmegiň Meseleleri Çözülýär