20.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar TEHNOLOGİÝA YLYM

Döwlet Gullugy Akademiýasynyň Magistrlik Okuwlary: Halkara Tejribesi we Ileri Tutulýan Milli Ugurlar

2019-njy ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýaşlara bilim bermekde we hünärmenleri taýýarlamakda sanly tehnologiýalar ulgamyna geçilmeginiň zerurlygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilim, ylym we tehnologiýalar ulgamlarynda özgertmeleri işjeňleşdirmegi, bu jähtden ylym bilen ýokary bilimi birleşdirmegiň çaltlandyrmalydygyny, işgärleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmelidigini, şeýle hem ylmyň täze ugurlaryny, şol sanda robototehnikany, sanly tehnologiýalary we beýlekileri ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilmelidigini, ýokary okuw jaýlarynyň halkara ölçeglerine uýganlaşmagyny höweslendirmek üçin çäreleriň durmuşa geçirmelidigini, 2024-nji ýyla çenli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejesindäki ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girizmegi wezipe edip goýmalydygyny nygtady.

Şu jähtden dolandyryjy işgärleri taýýarlamagyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen Döwlet gullugy akademiýasy okuw maksatnamalaryny we meýilnamalaryny kämilleşdirmek, sanly ulgama geçmek, halkara tejribesini we ileri tutulýan milli ugurlary sazlaşykly urgaşdyrmak boýunça çäreler toplumyny amala aşyrýar.

Döwlet gullugy akademiýasy bilen Ýewropa Bileleşiginiň 2017-nji ýyldan bäri alyp barýan bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde «Döwlet dolandyryşy» magistrlik maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça tapgyrlaýyn işler alnyp barylýar. Döwlet dolandyryşy babatda dereje almak üçin hukuk, ykdysadyýet, syýasat, sosiologiýa, psihologiýa, halkara gatnaşyklary we ş.m. ugurlar boýunça okuwlar geçmegi, dersara esasda hünär endiklerini, döwlet sektorynyň meseleleri boýunça analitik we döredijilikli çemeleşmeleri kemala getirmegi göz öňünde tutýar.

Magistrlik maksatnamalarynyň maksady – giň ylmy-barlaglara ukyply we amaly başarnykly ýokary hünärli dolandyryjylary taýýarlamakdan ybaratdyr.

2 ýyla niýetlenen döwlet dolandyryşy boýunça magistrlik maksatnamasy okuw tejribesini geçmegi we ylmy-barlaglar işini goramagy öz içine alýar. Magistrlik maksatnamalarynyň özleşdirilmegi ýaş hünärmenleriň döwlet häkimiýeti we dolandyryşy edaralarynda hem, telekeçilikde hem wezipe taýdan ösmegi üçin mümkinçilikleri açýar.

Haýsydyr bir anyk ugurda amaly bilimler bilen utgaşykda ulgamlaýyn dolandyryş çemeleşmesini kemala getirmek – maksatnamanyň tapawutly aýratynlygydyr. Düýpli taýýarlyk uçuryma geljekde dürli ugurlarda hünäre ussatlygy ösdürmäge mümkinçilik berer.

Paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen Döwlet gullugy akademiýasy bilen ÝeB-niň bilelikdäki taslamasyny dolandyryş boýunça Ýolbaşçy geňeşiniň mejlisinde halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda milli maslahatçylaryň işläp taýýarlan «Döwlet syýasatynyň esaslary» we «Raýat hukugy» dersleri boýunça «Döwlet dolandyryşy» magistrlik okuwynyň okuw maksatnamalarynyň ikisi bilen tanyşdyryldy.

«Döwlet syýasatynyň esaslary» okuw dersi strategik resminamalaryň esasy häsiýetleri; ykdysadyýet we bazar segmentleriniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilişi; esasy meseleleriň seljerilmegi; maksatlary goýmak; döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek; meýilnamalary durmuşa geçirmäge baha bermegiň görkezijileri; çaklamalar, meýilnamalaşdyrmak, monitoring ýaly ş.m. tematiki ugurlary öz içine alýar.

Döwlet syýasatyny işläp taýýarlamak ikitaraplaýyn gatnaşyklar guraly bolan yzygiderli işdir. Barlag we oňa baha bermek bu ulgamyň hereket etmegi üçin möhüm ähmiýete eýedir. Döwlet syýasatynyň kemala gelmegine täsir edýän jemgyýetçilik meseleleri ykdysady, durmuşy ýa-da syýasy häsiýetde bolup biler.

Mysal üçin, Durnuklaşdyryş gaznasy ýurduň ykdysady ýagdaýyna oňyn täsir edýär, onuň serişdeleri ileri tutulýan maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge gönükdirilýär. Munuň özi halk hojalygynyň aýry-aýry pudaklaryna amatsyz daşky ýagdaýlaryň täsirini azaltmaga mümkinçilik berýär, zähmet öndürijiliginiň ösüşini we hojalygy ýöretmegiň innowasion usullaryna geçmegi üpjün edýär.

Ätiýaçlandyrma işine hem uly üns berilýär. Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, bazar gatnaşyklary şertlerinde bu ulgamyň ösdürilmegi zerur şertdir. Ozalky ýyllarda bolşy ýaly, geçen ýyl hem bu ulgamy düzgünleşdirýän kadalar we düzgünler täzelendi.

Döwletiň strategik syýasaty babatda 2019-2025-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek Maksatnamasyny, 2020-2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň daşary ykdysadyýet işini ösdürmegiň Maksatnamsyny, şeýle hem 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýete geçmegiň Konsepsiýasyny bellemek gerek.

Duşuşyga gatnaşanlaryň çykyşlarynda häzirki wagtda döwlet syýasatynyň has-da durmuşa gönükdirilen häsiýete eýe bolýandygy bellenildi. Mundan başga-da, sanly ulgama geçilmegi we tehnologik täzelikler dolandyryjy işgärleri taýýarlamak ulgamy üçin täze wezipeleri göz öňünde tutýar.

Ykdysady ylymlaryň kandidaty, Döwlet gullugy akademiýasynyň ykdysadyýet we maliýe kafedrasynyň dosenti Akjemal Burunowa ara alyp maslahatlaşmagyň birinji böleginiň jemini jemläp, döwlet syýasatynyň netijeliliginiň we ýurduň ösüş perspektiwasynyň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmak, köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny hem-de gün tertibiniň wajyp dünýä meseleleri boýunça ylalaşylan çözgütlerini işläp taýýarlamak bilen gönüden-göni baglanşyklydygyny belledi.

Duşuşygyň ikinji böleginde hukuk ulgamyny, birleşdiriji kadalary, emläk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän, şeýle hem dürli guramalar bilen raýatlaryň arasynda, şeýle-de aýry-aýry raýatlaryň arasynda ýüze çykýan olar bilen bagly ýa-da baglanşykly bolmadyk şahsy emläk däl gatnaşyklaryny öwrenmäge gönükdirilen temalaryň 11-sinden we amaly meseleleriň 30-dan gowragyndan, synaglardan, toparlaýyn we özbaşdak ýumuşlardan ybarat «Raýat hukugy» dersi boýunça okuw maksatnamasynyň taslamasy bilen tanyşdyryldy.

Ders «Raýat hukugyna giriş» we «Raýat hukugynyň ugurlary» ýaly iki bölümden ybarat bolup, ol raýat hukugy barada düşünje, onuň predmeti, raýat hukugynyň usuly we çeşmeleri; raýat-hukuk gatnaşyklary; raýat hukuk gatnaşyklarynyň subýektleri we obýektleri; eýeçilik hakynda umumy düzgünler; borçlar hakynda umumy düzgünler; kontraktlar: olar barada düşünje, netije, üýtgetme, ýatyrma; intellektual eýeçilik hukugy barada umumy düzgünler we beýlekiler ýaly 10-dan gowrak temany öz içine alýar.

«Raýat hukugy» dersiniň esasy wezipesi – geljekki magistrlerde:

işiň dürli ugurlarynda raýat-hukuk bilimleriniň esaslaryny öwrenmek mümkinçiligi;

professional döwlet işinde kadalaşdyryjy resminamalary agtarmak, olary seljermek we ulanmak;

raýat hukugyny durmuşa geçirmäge gatnaşmak;

Türkmenistanyň döwlet häkimiýeti edaralaryna we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralaryna guramaçylyk, kadalaşdyryjy we hukuk goldawyny bermek başarnygyny ösdürmäge ýardam etmekdir.

Döwlet gullugy akademiýasynyň raýat hukugy kafedrasynyň uly mugallymy Jemile Hommaýewa «Raýat hukugy» dersiniň döwlet dolandyryşy boýunça magistrlik okuwynda esasy dersleriň biridigini belledi, çünki raýat-hukuk kadalaşdyryş usuly diýlip hukugyň degişli pudagynyň tilsimleriň we serişdeleriň jemi arkaly jemgyýetçilik gatnaşyklaryna täsirine düşünilýär.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ylmy-tehniki netijeliligi, şeýle hem ylmy-barlag işleriniň ykdysady taýdan düşewüntliligini ýokarlandyrmaga, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge, ykdysadyýetde we ynsanperwer ulgamda sanly özgertmelere intellektual goldawa gönükdirilen Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň esasy düzgünleriniň döwlet dolandyryşy magistrlik okuwynyň maksatnamalaryna ornaşdyrmagyň zerurlygy barada pikir aýtdylar.

Degişli makalalar

Futbol Boýunça Türkmenistanyň Çempionatynyň 8-nji Tapgyrynyň Duşuşyklarynyň Eminleri Bellenildi

3-nji Iýulda Aşgabatda Ýokary Derejedäki Türkmen-Owgan Gepleşikleri Bolar

Welaýatlaryň Saýlawçylarynyň Dalaşgärler Bilen Nobatdaky Duşuşyklary 25-nji Ýanwarda Geçiriler