20.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Döwlet Muzeýinde Ýerleri Emeli Usulda Suwaryş Medeniýetine Bagyşanan Sergi Açyldy

Döwlet Muzeýinde Ýerleri Emeli Usulda Suwaryş Medeniýetine Bagyşanan Sergi Açyldy

Onda muzeýiň hazynalarynda saklanýan we türkmen halkynyň Günorta Türkmenistanda miladydan öňki IV-V müňýylklarda kemala gelen Jeýtun medeniýeti döwründen bäri baý taryhy-medeni mirasy barada gürrüň berýän eksponatlar bar. Alymlar bu sebitiň gadymy ekerançylary keramika gaplarynyň böleklerinde çyzyk şekilinde suw akymlary şekillendirilipdir diýip çaklaýarlar.

“Tebigat we ülkäni öwreniş” bölüminde suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak meselesi beýan edilipdri, bu ýerde Pamir-Alaý dag ulgamlarynda dörän ýurdumyzyň serherüsti akýan iri derýalary bolan Amyderýa, Murgap we beýleki derýalaryň, şeýle hem Köpetdagyň demirgazyk eňňidinden akýan çeşmeleriň gidrogeografiýa ulgamy bilen tanyşsa bolýar. Kartada emeli Garagum derýasynyň kanallarydyr kollektorlary, hanasy şekillendirilipdir. “Altyn asyr” kölüniň kollektor-zeýkeşler ulgamy-da indi ýurduň suw-hojalyk toplumynyň düzümine girýär. Türkmenistanda ýerasty, şol sanda ýerasty süýji suwlaryň-da ägirt uly gorlary bar. Mysal üçin, geçen asyryň ortasynda Garagumyň Uzboýýaka çägelerinň astynda 40 metr çuňlukda Ýasha köli ýüze çykaryldy, onda 10 milliard kub metr agyz suwy bar. Soňraky döwürlerde ýene birnäçe ýerasty howdanlar ýüze çykaryldy we olaryň cäge depelerinden geçip arassalanýandygy subut edildi.

Etnografiýa bölümi oba hojalygynda suwdan peýdalanylyşyna bagşlanypdyr. Müňýyllyklaryň dowamynda pederlerimiz emeli suwaryş ulgamyndan peýdalanyp, ekerançylyk medeniýetini kemala getiipdirler. Bentleriň, gaçylaryň, howuzlaryň, aryklaryň galyndylaryna alymlar Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda duş gelýärler. Suw paýlamak işi obada hormatly-sarpaly adamlara tabşyrylypdyr. Miraplar suwdan peýdalanylyşyna, aryklardyr howdanalryň arassalygyna gözegçilik edipdirler.

Arykdan akýan suwy daşyna çykaryp suwaryş üçin ulanmakda ata-babalarymz jykyr ulanypdyrlar. Dik tigerçege kese tigerçek goşulyp ýasalan jykyry gözi daňylan düýe onuň daşyndan birsydyrgyn aýlanyp, herekete getiripdir. Bu gural VI–VII asyrlardan başlap, tä geçen asyryň başyna çenli işjeň ulanylypdyr. Suwaryşyň ýene bir usuly ýerasty aryklar-kärizlerdir. Muňa muzeýiň ýörüte eksponaty bagyşlanypdyr. Ýerasty suw desgasynyň kömegi bilen dag eteginiň suwy bir çeşmä toplanyp, jülgä tarap akdyrylypdyr. Olaryň käbiriniň çuňlygy 50 metre çenli ýetipdir. Olary gurmak, kärizleriň durkuny täzelemek we arassalamak boýunça gyzykly ýörelgeler hakyndaky maglumatlar biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.

Degişli makalalar

Pan Gi Mun Aşgabatda Geçiriljek Ulag Ulgamy Boýunça Halkara Maslahatyna Gatnaşar

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

syrach

Türkmen Uşu Ussatlary Russiýada Üç Medala Eýe Boldular