15.9 C
Aşkabat
20.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Dünýä Çempionatynda Ýene Bir Medal

Dünýä Çempionatynda Ýene Bir Medal

Bolgariýanyň paýtagty Sofiýa şäherinde sambo boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynyň jemleýji güni Türkmenistanyň ýygyndy toparyna ýene bir, bürünç medal getirdi. Söweş sambosy boýunça 52 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Nowruz Ataýew şeýle üstünlige mynasyp boldy.

Ozal habar berlişi ýaly, bu ýaryşa dünýäniň 80 ýurdundan ýüzlerçe türgenler gatnaşýar. Dünýä çempionatynyň başynda ildeşlerimiz dört baýraga —bir kümüş medala (Çarymyrat Annagurbanow) hem-de üç bürünç medala (Tejen Tejenow, Kerimberdi Döwletow hem-de Gülbadam Babamyradowa) mynasyp boldular. Ynha, indi bolsa Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň medallarynyň sany bäşe ýetdi.

52 kilograma çenli agram derejesinde 10-dan gowrak pälwan çykyş etdi. Nowruz Ataýew ýaryşda Trinidad we Tobago döwletiniň ýygyndy toparynyň pälwany Gerşam Griffiti ýeňmegi başardy. Ol ýarym final tutluşygynda bolsa şu ýaryşda ýeňiji bolan russiýaly Anatoliý Stişakdan çekeleşikli göreşde ýeňildi.

Türkmen türgenleriniň dünýä derejesindäki ýaryşda şeýle üstünlik gazanmagy, geljek ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem samboçylarymyzyň öz ussatlyklaryny doly görkezjekdiklerine şaýatlyk edýär.

Degişli makalalar

2017-nji Ýylda Türkmenistanda 81 Müň Tonnadan Gowrak Şaly Öndürmek Maksat Edinilýär

Türkmenistanyň we Günorta Afrika Respublikasynyň Arasyndaky Syýasy Geňeşmeler

turkmenhabargullugy

Aşgabat Şäheriniň Ruhubelentlik Gurşawy Wideo

turkmenhabargullugy