25.9 C
Aşkabat
23.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Dürli Kuwwatlykly Ýerli Transformator Kiçi Beketler Öndürilip Başlandy

Dürli Kuwwatlykly Ýerli Transformator Kiçi Beketler Öndürilip Başlandy

“Elektron Ylhamy” hojalyk jemgyýeti togy azaldyjy transformator kiçi beketleriniň şäher toplumynyň (TBŞT) 150-ä golaýyny öndürdi. Bu kiçi kärhana geçen ýylyň ahyrynda „Türkmenmaşyngurluşyk“ Döwlet konserni we „Sowatly gurluşyk“HJ-i bilen bilelikde bäsleşige ukyply, ýokary tehnologiýaly, serişde, energiýa tygşytlaýan, ekolgiýa taýdan howpsyz, içerki we daşary bazarlara niýetlenen elektron hem-de elektrotehniki senagaty kemala getirmek boýunça Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde döredildi.

Transformator kiçi beketleriň toplumy aram howa şertlerinde şäher we senagat ulgamlarynda 6-10/o4 kW we 50 Gs ýygylykly üç fazaly üýtgeýän togy özgertmek hem-de paýlamak üçin niýetlenendir.Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň we „Türkmenmaşyngurluşyk“ konserniniň ýardam bermeginde 63 kWA-dan 1000 kWa çenli togy azaldyjy transformator kiçi beketleriniň ýedi görnüşiniň öndürilişi ýola goýuldy.

TBŞT ýokary we pes woltly enjamlar, şeýle hem tok geçiriji transformator bilen doly üpjün edilen polat binadyr. Ol „Türmenkabel“ zawodynda ýerleşýän sehde ýygnalýar.Aşgabatly telekeçileriň ygtyýarnamaly önümi bolan transformator kiçi beketleri we tok paýlaýjy enjamlary döwrebap ýokary tehnologik enjamlarda taýýarlanylyp, sarp edijileriň elektrik eneriýasy bilen ygtybarly üpjün edilmegine mümkinçilik berýär. Täze önüm ekologiýa taýdan howpsuzdyr we onuň binasy berkdir.

TBŞT dürli önümçilik gurluşlary—senagat kärhanalary, gurluşyk firmalary, önümi gaýtadan işleýän sehler we kiçi önümçilikler tarapyndan islegli harytdyr. „Elektron Ylhamy“ HJ-i transformatorlary ýygnamak we olary oturtmak boýunça hem işleri ýola goýmagy göz öňünde tutýar.
Wladimir KOMAROW

Degişli makalalar

Owadandepede Gurulýan Gaz Himiýasy Kärhanasy

Üstünligiň Syry Nämede?

Bildiriş

turkmenhabargullugy