16.04.2026
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Putin Türkmenistan Bilen Hazarda Bilelikdäki Işleri Işjeňleşdirmegi Ylalaşandygyny Beýan Etdi

Putin Türkmenistan Bilen Hazarda Bilelikdäki Işleri Işjeňleşdirmegi Ylalaşandygyny Beýan Etdi

RF-iň Prezidenti Wladimir Putin türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýakynda geçiren gepleşikleriniň dowamynda Hazar sebitinde bilelikdäki işleri işjeňleşdirmek barada ylalaşyk gazanandyklaryny beýan etdi, diýip INTERFAKS habarlar agentligi habar berýär.

«Prezident Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow bilen geçen hepdede Soçide geçirilen gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, Hazar sebitinde bilelikdäki işi işjeňleşdirmegi şertleşdik» diýip, W.Putin Moskwada daşary ýurt ilçileriniň ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasynda aýtdy. Diýip habarlar agentligi ýazýar.

RF-iň Prezident şeýle hem Moskwanyň «Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygyň köpugurly gatnaşyklaryna» ýokary baha berýändigini nygtady, diýip INTERFAKS belleýär.

Degişli makalalar

Aşgabatda Ilat Gaznasynyň Ählumumy Hasabatynyň Tanyşdyrylyşy Geçirildi

“Merkezi Aziýa Üçin Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebit Merkezi: Sebitde Parahatçylyk we Gülläp Ösüş Maksatlarynda Merkezi Aziýa Bilen 10 Ýyl Hyzmatdaşlyk” Atly Halkara Maslahaty

Türkmenistan—Russiýa Federasiýasy: hyzmatdaşlyk

syrach