26.1 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ DURMUŞ YKDYSADYÝET

EIA 2017-nji Ýylda Brent Nebitiniň Ortaça Bahasynyň 52,69 Dollara Çenli Ýetjekdigini Çaklaýar

EIA 2017-nji Ýylda Brent Nebitiniň Ortaça Bahasynyň 52,69 Dollara Çenli Ýetjekdigini Çaklaýar

Demirgazyk deňiz nebiti bolan Brentiň ortaça bahasy 2017-nji ýylda barrel üçin 52,69 dollara barabar bolar. Rus nebitgaz habarlar agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, bu barada ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň (EIA) energetika maglumatlaryny dolandyrmak müdirliginiň her aýdaky gysgaça çaklamasynda aýdylýar.

Şeýlelikde, bu çaklama edaranyň maýdaky barrel üçin 52,60 dollara çaklamasy bilen deňeşdirilende ýokarydyr. 2018-nji ýylda Brentiň ortaça bahasy 55,61 dollar derejesinde bolmagyna garaşylýar. Bu bolsa geçen gezekki çaklamadan (57,10 dollar) aşakdadyr, diýip Praým habar berýär.

EIA-nyň bilermenleriniň pikirine görä, WTI-niň ortaça bahasy 2017-nji ýylda 50,78 dollara deň bolup, bu görkeziji maýdaky 50,68 dollar bilen deňeşdireniňde ýokarydyr. WTI-niň 2018-nji ýyl üçin çaklamasy edaranyň pikirine görä, 53,61 dollara deň bolar. Bu hem geçen aýdaky 55,10 dollara çaklamadan aşakdadyr.

Ministrlik şeýle hem 2017-nji ýylda ABŞ-da nebitiň çykarylyşynyň günde 9,33 million barrel bolmagyny çaklaýar. Bu çaklama maýdaky günde 9,31 million barrelden ýokarydyr. 2018-nji ýylda ministrlik ýurtda nebitiň çykarylyşyny günde 10,01 million barrel möçberinde çaklaýar. Bu görkeziji maýdaky günde 9,96 million barrelden ýokarydyr.

«2018-nji ýylda islegiň artmagyna garaşmaklyk 2017-nji ýylyň ahyrynda we 2018-nji ýylyň başynda nebitiň bahalarynyň pese düşmegine getirip biler» diýlip çaklamada netije çykarylýar. EIA-nyň häzirki çaklamasyna görä, OPEC-de nebitiň çykarylyşynyň çäklendirilmeginiň indiki ýylyň martynda möhleti uzaldylar, ýöne 2017-nji ýylyň başynda ýüze çykjak borçlary ýerine ýetirmezlik 2018-nji ýylyň ikinji ýarymynda hem saklanar.

Degişli makalalar

EKSPO-2017-de Milli Sergi Bolümimiziň Düýp Özeni-Energetika Pudagynda Innowasion Taslamalar

Uzynada: Nobatdaky Guýudan Gazyň Senagat Akymy Alyndy

Olimpiýa Stadionynda V Aziýa Oýunlarynyň Açylyş Dabarasy Boldy