19.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

DIM-iň Halkara Gatnaşyklary Institutynda Aziada-2017-ä Bagyşlanan Duşuşyk Geçirildi

DIM-iň Halkara Gatnaşyklary Institutynda Aziada-2017-ä Bagyşlanan Duşuşyk Geçirildi

Çäräni şu ýokary okuw mekdebiniň rektoraty, Sport hem-deTelewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetleri gurnadylar.

Duşuşyga ýokary okuw mekdebiniň Osman Hemzäýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Meýletinler merkeziniň agzalary, şeýle hem dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymlary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň halkara bölüminiň hünärmeni Ýalkapberdi Aşyrmyradow ildeşlerimiziň ýeňiş gazanan iri sport ýaryşlary barada wideoşekilli tanyşdyrylyş taýýarlapdyr.

 

Çaraniň daşary ýurtly myhmanlary- tennis we göreş boýunça tälimçiler Fransiýadan Matteu Sebastiýen bilen Eýrandan Mohammadi Saedmorad türkmen türgenlerini Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlaýarlar. Olar Türkmenistanda sportuň ösdürilişi barada öz pikirini aýtdylar, Aziada taýýarlyk boýunça uly möçberli işlere, Olimpiýa şäherçesini oýlanşykly gurluşygyna we tehniki taýadan üpjünçiligne haýran galýandyklaryny nygtadylar.

„Tegelek stoluň“ mejlisine Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň birinji ýyl talyplary, taekwondo boýunça Özbegistanda, Hindistanda, Gazagystanda, Täjigistanda, Belarusda geçirilen halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlaryny eýelän Orazmyrat Çaryýew bilen Goşanyýaz Durdyýew gatnaşdylar.

 

Gyzykly geçen söhbetdeşligiň barşynda talyplar sport diplomatiýasyny ösdürmek barada öz pikirlerini aýtdylar, şeýle hem Aziada-2017-de we beýleki halkara ýaryşlarynda meýletinler hökmünde işlemekde peýdaly maslahatlar aldylar.


Wiktoriýa NOWIKOWA,
surata düşüren Hasan MAGADOW

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň Ähmiýeti Wideokonferensiýa Görnüşinde Geçirilen Halkara Media-Forumynda Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Ýolagçylaryň Dykgatyna, Syýahat Düzgünlerinde Üýtgeşmeler!