22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
DURMUŞ

Ekin meýdanlary we tehnikalar taýýarlanylýar.

Lebap welaýatynda gowaça ekişine taýýarlyk işleri ahyrky tapgyrlarda alnyp barylýar. Şu ýyl gowaça 120 müň gektar meýdana ekiler. Gowaça ekiljek meýdanlaryň ählisinde takyk toprak şertlerine laýyklykda oba hojalyk hünärmenleri tarapyndan çuňlugy kesigitlenen şüdügär sürümi geçirildi. Şüdügär sürümi bilen bir hatarda topraga organiki we mineral dökünleri berildi. Onuň yz ýanyndan bolsa topragyň şorlanmagynyň azalmagyna özüniň oňaýly täsirini ýetirýän ýuwuş suwy tutuldy. 
Welaýatyň „Obahyzmatynyň“ ussahanalarynda abatlaýyş we durkuny täzelemek işleriniň ählisi tamamlandy. Eýýäm seýalkaryň 460-sy, malalaryň 17920-si we beýleki zerur bolan tehnikalar taýýar edilip goýuldy. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, „Türkmenobahyzmat“ Assosasiýasynyň Türkmenabat tejribe-synag mehaniki kärhanasynyň işgärleri uly kömek berdiler. Bu kärhana öňde duran möwsüme buýurma esasynda topragy işläp taýýarlamaga gerek bolan dürli tehnikalarydyr enjamlary we gurallary taýýarlady. 
Geçen ýylyň dowamynda welaýatyň “Obahyzmatynyň” bölümlerine MTZ-80H kysymly üç tigirli traktoralryň 327-si getirildi. Bu tehnikalar gowaça ekişinde we soňky geçirilýän hatarara bejergilerinde ulanylýar. Topraga tohum taşlamak işlerinde geçen ýylda gelip gowşşan dört tigirli MTZ-82.1 kysymly has kuwwatly traktorlaryň 98-si ulanylar. “Klass” nemes kompaniýasynyň “AHION 850” kysymly ýokary öndürijilikli sürüm traktorlarynyň gelip gowuşmagy bolsa dowam edýär. Bu günki gün olaryň welaýat “Obahyzmatynyň” düzüminde 84 sanysy bar. Olar şüdügär sürümini geçirmek işlerinde ulanyldy, ekiş möwsüminde bolsa olar malalamak işlerini geçirerler.

Degişli makalalar

Türkmendemirýollary: Çagalar Üçin Bilet Tölegsizmi?

Awazada “Aziada-2017: Parahatçylygyň we Ösüşiň Ugrunda Halkara Sport Hyzmatdaşlygy” Atly Kongres Açyldy

“Türkmentelekom” Aşgabat Aziýadasynyň Aragatnaşyk Ulgamlarynyň Üznüksiz Işlemegini Üpjün Eder