18.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

EKSPO-2017-de Milli Sergi Bolümimiziň Düýp Özeni-Energetika Pudagynda Innowasion Taslamalar

EKSPO-2017-de Milli Sergi Bolümimiziň Düýp Özeni-Energetika Pudagynda Innowasion Taslamalar

Türkmen sergisi EKSPO-2017-de meýdany boýunça iň ulularynyň biridir. Onuň çeperçilik bezegi türkmen medeni mirasynyň keşbine öwrülen tanalýan gölleri bilen milli nyşanlar astynda gurnalypdyr.

Häzirki zamanyň sanly tehnologiýalarynyň hem-de multimediýa enjamlarynyň, sensor panelleri bolan ýörite maglumat tagtalarynyň peýdalanmagynyň netijesinde bu ýere gelýänler Türkmenistan barada, köptaraply ykdysady we medeni kuwwatlyklar, ýurdumyzy ösdürmegiň geljegi uly ugurlary we mümkinçilikleri barada doly düşünje almaga aýdyň şert döredýär.

Giriş bölüminde sekizburçly ýyldyz görnüşinde uly monitor ýerleşdirilip, onda garaşsyzlyga eýe bolan pursatyndan bäri Türkmenistanyň geçen şöhratly ýollary, soňky ýyllaryň uly üstünlikleri barada wideofilm görkezilýär.

Energetika pudagynda, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan ylmy işläp taýýarlamalar, innowasion taslamalar serginiň esasy mazmunyny özünde jemleýär. Bu ýerde Mary GES-niň çäklerinde bina edilýän utgaşdyrylan gazbug elektrostansiýasynyň maketini görmek bolýar.

Onuň ýanynda ýurdumyzyň halkalaýyn energiýa ulgamyny şekillendirýän energetika kartasy, elektrik geçirijiler ulgamy, gaz geçirijileriň bar bolan we taslamalary düzülýän ugurlary bar. Goňşy monitorlarda biziň elektrostansiýalarymyzy görkezýän şekiller hem-de şäheriň görnüşleri beýan edilýär. Şol ýerde hem “touchscreen”, ýagny üç dilde beýan edilýän elektron maglumatnama bolan sütün bar.

Ondan soň, paýtagtymyzyň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlup, geçen ýyl ulanmaga tabşyrylan energetika desgalarynyň toplumynyň maketi ýerleşýär. Ol 220, 110, 35 we 10 kilowolt kuwwatlylygy bolan döwrebap paýlaýjy kiçi beketleriň onlarçasyny, Aşgabadyň tutuş energiýa ulgamynyň dolandyrylmagy amala aşyrylýan “Paýtagt” diýen dolandyryş merkezini özünde jemleýär. Diwarlykda, şeýle hem türkmen elektrik stansiýalarynda peýdalanylýan “General Electric” gazturbinasy beýan edilýär.

Pudagyň uzak wagtdan bäri işläp gelýän, Murgap derýasynda 1913-nji ýylda gurlan desgasy Hindiguş elektrostansiýasydyr. Ýüz ýyldan gowrak wagtdan bäri işläp gelýändigine garamazdan, ol oňat ýagdaýda we işlemegini dowam edip, elektroenergetikanyň özboluşly muzeýi bolup durýar. Bu ýerde umumy kuwwaty 1,2 megawatt bolan gidroturbinalaryň 3-si oturdyldy.

Türkmenistanyň energşiýa serişdeleriniň örän uly goruna eýedigini, elektroenergiýanyň önümçiliginiň bolsa däp boýunça dünýäde iň girdejili önümçilikleriň biri hasaplanýandygyny bellemek gerek. Şundan ugur alnyp, bu geljegi uly pudaga maýa goýumlarynyň möçberleri yzygiderli köpeldilýär. Häzir türkmen energetika senagaty ýokary ösüş depginlerini görkezýär hem-de dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän elektroenergiýanyň eksportuny artdyrmaga ukyplydyr.

Degişli makalalar

Türkmenhimiýa Döwlet Konserni Ýuwujy Serişdeleri Öndürýän Zawody Gurar

turkmenhabargullugy

Sanawdaky Medipol Uniwersiteti Türkmen Talyplaryna Garaşýar

Daşkent dünýäniñ tanymal nebit we tebigy gaz firmalaryny myhman alýar

syrach