30.9 C
Aşkabat
01.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

“Aşgabat-2017” Şekili Astanada EKSPO Sergisinde Görkezildi

“Aşgabat-2017” Şekili Astanada EKSPO Sergisinde Görkezildi

Astanada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Maminiň baran EKSPO meýdançasynda Türkmenistan öz ekspozisiýasynyň çäklerinde “Aşgabat-2017” uly göwrümli taslamany görkezdi. Ol sentýabrda geçiriljek sport forumy arkaly ýurdumyzyň häzirki zaman üstünliklerini, açyklygyny, parahatçylyk söýüjiligini hem-de türkmenistanlylaryň myhmansöýerligini, paýtagtymyzyň gözelligini görkezmäge gönükdirilendir. Paýtagtymyzyň ähmiýetli nyşanyna öwürlen iň häzirki zaman sport derejeli Olimpiýa şäherjiginde “ýaşyl” tehnologiýalar hem ornaşdyryldy.

Merkezi Aziýa sebitinde Türkmenistan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryny kabul etmek hormatyna eýe bolan ilkinji döwletdir. Beýan edilýän owadan serişdelerde, wideo we fotoşekillerde, şeýle hem metbugat neşirlerinde şu ýyl Aziýada boljak iri sport wakasy barada giňişleýin we mazmunly gürrüň berilýär, bu ýerde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary şekillendirilen dokma önümlerini hem görmek bolýar.

Ýadygärlik sowgatlyklar we enjamlar, ýurdumyzyň dizaýnerleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan Aziada-2017-niň şekilleri bolan sport lybaslarynyň nusgalary sergä gelenleriň aýratyn ünsüni çekýär.

Haly dokamagyň, däp bolan senetçiligiň, amaly-haşam sungatynyň ussatlary tarapyndan taýýarlanan önümler giňden görkezildi.

Degişli makalalar

İstanbul İl Göç İdaresi Müdürlüğü: Değerlendirme Süreciyle İlgili Açıklama..

Prezidentimiz Buýruga Gol Çekdi

syrach

Boks Boýunça Açyk Birinjilik