26-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi, onda Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygyny we «Elektron hökümet» elektron resminamalar dolanyşygyny ornaşdyrmak meselesine garaldy.
Maslahatyň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesi, Aragatnaşyk ministrliginiň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tehnologiýalary ulanmagyň aýratyn derwaýysdygyny nygtap, ýolbaşçylardan ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryna häzirki zaman elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny giňden ornaşdyrmagy talap edýär. Şol ulgam döwlet dolandyryşynda işiň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň barşynda degişli ýolbaşçylaryň ýurdumyzda şu ugurda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy baradaky hasabatlaryny diňledi.
Ilki bilen aragatnaşyk ministri Ö.Jumagulyýewe söz berildi. Ol milletiň Lideriniň öň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Taýýarlanan teklipler barada hasabat berip, ministr döwlet Baştutanymyza monitorda ýurdumyzda elektron aragatnaşygyny guramak ulgamyny görkezdi. Elektron maglumatlar binýadyny döretmek, resminamalar bilen işlemegiň dürli görnüşleri bilen birlikde ulgamyň aýratynlyklarynyň hatarynda, hususan-da, hut monitoryň özünde elektron goluny goýmak, ses arkaly tabşyryk bermek ýa-da ykjam telefondan elektron resminamany çalt ugratmak mümkinçiligi bellenildi.
Soňra Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti G.Mezilow çykyş edip, milli Liderimizi tutuş halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça gündelik wezipeleriň çözülmegini çaltlaşdyrmak üçin elektron resminamalar dolanyşygy ulgamynyň giň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp we döwlet dolandyryş ulgamyny hil taýdan täze derejä çykarmagyň derwaýysdygyny nygtap, tutuş ýurdumyz boýunça elektron resminamalar dolanyşygynyň häzirki zaman ulgamyny guramak boýunça wezipeleri goýdy. Milletiň Lideri şeýle hem bu taslamanyň kanunçylyk taýdan ilerledilmegini üpjün edýän kadalaşdyryjy-hukuk resminamalaryny işläp taýýarlamagy tabşyrdy.
Ýurtda iri ýöriteleşdirilen lukmançylyk merkezleriniň emele gelmegi, şeýle desgalaryň gurluşyklarynyň güýçli depginlerde alnyp barylýandygy hem-de olaryň iň kämil enjamlar bilen üpjün edilýändigi dünýäniň köp döwletleri, şol sanda Germaniýa üçin hem nusgalykdyr diýip, meşhur alym lukmanlar bellediler. Türkmen hökümeti we hut ýurduň Prezidenti tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem bagtyýar adamlaryň şatlykly ýüzleri ilkinji nobatda adamlaryň bähbidine we abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň sosial ýörelgäni ugur edinýändiginiň alamatydyr diýip, myhmanlar aýtdylar.
Soňra wise-premýer N.Şagulyýewe söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyza döwlet derejesinde elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny ornaşdyrmak babatda dünýäniň iň gowy tejribesi bilen tanyşmak maksadynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
N.Şagulyýewiň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň hünärmenleri häzirki wagtda şu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini we innowasion işläp taýýarlamalaryny öwrenmegiň esasynda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamynyň milli nusgasyny işläp taýýarlaýarlar.
Soňra çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Saparlyýew tutuş ýurdumyzda orta we ýokary okuw mekdepleriniň hem-de beýleki ylym-bilim edaralarynyň dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi babatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň öň beren tabşyrygy esasynda elektron resminamalar dolanyşygynyň milli ulgamyny döretmek, ýurdumyzyň ylym-bilim ojaklarynda okatmagyň täze usullaryny ornaşdyrmak, mekdeplerde kämil tehnologiýalary giňden ulanmak babatda alnyp barylýan işler barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşlary diňläp, elektron resminamalar dolanyşygynyň milli ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy bilim we ylym ulgamlaryny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirer diýip belledi we dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kämil tehnologiýalarynyň bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän täze döwrebap mekdepleri we beýleki bilim ojaklaryny gurmak boýunça döwletiň yzygiderli tagalla etjekdigini belläp, bilim işgärleriniň dünýäniň iň täze ylmy tehnikalaryna ussatlyk bilen erk etmeklerini, bu ugurdan tejribelerini artdyrmaklaryny, hünär derejelerini kämilleşdirmeklerini üpjün edýän ähli çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem ýakyn wagtda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny ministrliklerde we pudak edaralarynda, kärhanalarda we guramalarda, şol sanda ýurdumyzyň welaýatlaryndaky degişli düzümlerde ornaşdyryp başlamagyň möhümdigini belledi. Şunda, ilkinji nobatda, bu ulgama lukmançylyk edaralary we okuw mekdepleri birikdirilmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady.
Şu elektron ulgamynyň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna giňden ornaşdyrylmagy dolandyryş we hojalygy ýöretmek meseleleriniň çalt çözülmegine, kärhanalaryň maddy-tehniki binýadyna, şol sanda ammar jaýlaryna gözegçiligiň gowulandyrylmagyna, dürli ulgamlarda ilata edilýän hyzmatyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmelidir.
Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň möhüm pudagy bolan oba hojalygyny mysal getirip, bu ulgamda elektron resminamalar dolanyşygynyň çalt ornaşdyrylmagy möwsümleýin işleriň barşyna ýokary hilli gözegçilik etmäge, pudaklaýyn ministrlikleriň, şeýle hem häkimlikleriň, etraplaryň we gönüden-göni oba hojalyk kärhanalarynyň derejesinde yzygiderli gözegçiligi we zerur bolan çözgütleri çaltlyk bilen kabul etmäge mümkinçilik berer diýip nygtady.
Umuman, elektron ulgamyň bu möhüm pudaga ornaşdyrylmagy Türkmenistanda oba hojalygyny toplumlaýyn özgertmek boýunça giňden ýaýbaňlandyrylan reformalary amala aşyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň köpüsini çalt çözmäge ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdirdi. Şol reformalar bolsa hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullarynyň, häzirki zaman tehnologiýalarynyň we ylmyň gazananlarynyň tejribä giňden ornaşdyrylmagyna esaslanmalydyr. Munuň özi obasenagat toplumynyň düşewüntliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak we onuň ähli pudaklarynyň ösdürilmegini höweslendirmek üçin ähli zerur şertleri üpjün eder.
Ýangyç-energetika toplumynda, himiýa we gaýtadan işleýän senagatda, gurluşykda, demir ýol, awtomobil, howa we suw ulaglarynda, telekommunikasiýalar ulgamynda, lukmançylykda, dokma, azyk senagatynda we beýleki pudaklarda hem elektron ulgamy takyk hereket etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Elektron resminamalar dolanyşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagy kärhanany dolandyrmagyň netijeliligini artdyrmaga ýardam eder, dolandyryş işewürlik prosesleriniň ähli tapgyrlarynda ykjam gözegçiligi amala aşyrmaga, resminamalaryň geçişiniň tapgyrlaryny we esasy işleriň ýerine ýetirilişiniň wagtyny gysgaltmaga, ýolbaşçylar üçin dolandyryş çözgütlerini kabul etmek babatda zerur bolan maglumatlary çalt gözlemäge we tapmaga mümkinçilik berer. Bu amatlyklaryň ählisi ahyrky netijede diňe bir aýry-aýry kärhanalaryň we pudaklaryň däl, eýsem, ýurdumyzyň tutuş ykdysady toplumynyň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna oňyn täsir eder.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde aýdylan teklipler barada durup geçip, degişli ýolbaşçylara Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny ornaşdyrmagyň Baş konsepsiýasyny işläp taýýarlamagy we hökümetiň garamagyna bermegi tabşyrdy. Şunda milli Liderimiz bu resminama taýýarlanylanda dünýäniň iň gowy tejribesini, iň täze tehnologiýalaryny içgin öwrenmegiň, bu ulgamda iň täze tehniki işläp taýýarlamalary we gazanylanlary ulanmagyň möhümdigini aýratyn nygtady.
referans: www.zamantm.com