23.9 C
Aşkabat
25.04.2024
SPORT

Türkmen dzýudoçysy – kümüş medalyň eýesi

16 ýaşly türkmen dzýudoçysy Jennet Geldibaýewa Singapurda ýetginjekleriň arasynda geçirilýän ilkinji Olimpiýa oýunlarynda garyşyk toparlarda tamamlanan bäsleşiklerde kümüş medala mynasyp boldy. Paýtagtymyzyň «Olimp» sport mekdebinde terbiýe alan gyz bu üstünligi ýygyndy toparlaryň düzüminde gazandy. Şol ýerde medallar ugrunda dürli ýurtlaryň wekilleriniň 8-si çykyş etdiler.

Şahsy bäsleşiklerde Jennet ilkinji gezek özi üçin täze agram kategoriýasynda, ýagny 52 kg çenli agramda çykyş etdi. Ýöne munuň özi oňa iň güýçlileriň ýediligine girmäge päsgel bermedi, şonda ol Slowakiýanyň we Singapuryň wekilleriniň ikisinden üstün çykdy.

Jennet Geldibaýewanyň öz uly sporta tarap ýoluny sport gimnastikasyndan başlandygy bellärliklidir. Sportuň şol görnüşi bilen alty ýyl meşgullanandan soň, ol 2006-njy ýylda ilkinji gezek göreşijiler zalyna geldi we eýýäm aradan bir ýyl geçen soň dzýudo boýunça kadetlaryň (15 ýaşa çenli) arasynda Hindistanda geçirilen Aziýa çempionatynda kümüş medalyň eýesi boldy. 2008-nji ýylda Ýemende geçirilen şeýle bäsleşiklerde Jennet ähli söweşleri üstünlikli geçirip, hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykdy.

Şu ýyl hem J.Geldibaýewa eýýäm Aziýanyň ýaşlar çempionatynda (20 ýaşa çenli) ilkinji gezek Bangkokda bürünç medalyň eýesi boldy. Ynha, indi hem ýaş zehinli türkmen dzýudoçysy nobatdaky üstünligi gazandy, oňa onuň halypalary – ejesi hem türgenleşdirijisi Çemengül Geldibaýewa bilen Türkmenistanyň ýygyndy zenanlar toparynyň uly türgenleşdirijisi, Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirijisi Omar Muhammetnazarow kanuny ýagdaýda guwanýarlar.

Garyşyk toparlaryň bäsleşiklerinde dzýudoçy Jennet Geldibaýewanyň gazanan kümüş medaly eýýäm türkmen sportsmenleriniň ýetginjekleriň arasynda Olimpiýa oýunlarynda gazanan ikinji medalydyr. Türkmenistanyň topary üçin ilkinji bürünç medaly boksçy Nursähet Pazzyýewyň gazanandygyny ýatladýarys, ol 69 kg çenli agram kategoriýasynda 3-nji orny eýeledi.

Türkmen atletleriniň şeýle uly sport baýramçylyklarynda gazanan ähmiýetli üstünligi Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrmakda we olaryň sport ussatlygyny ösdürmekde oňat höweslendiriş çäresidir. Biziň ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň ýadawsyz ünsi arkaly sportda ýokary üstünlikleri gazanmak döwlet syýasatynyň iňňän möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülýär.

Türkmen sportsmenleriniň şeýle ägirt uly sport baýramçylygynda gazanan saldamly üstünlikleri olaryň sport ussatlygyny ösdürmekde we Türkmenistanyň halkara möçberinde sport abraýyny artdyrmakda oňat höweslendiriş çäresi bolup hyzmat eder, çünki biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz aladasy we ünsi arkaly köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek we sportda ýokary üstünlikleri gazanmak döwlet syýasatynyň iňňän möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülýär.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

“Merw” Okuw Türgenleşigindäki Ikinji Duşuşygyny Geçirdi

turkmenhabargullugy

«Aşgabat 2017» Oýunlarynyň Alawyny Alyp Gelýän Atlylaryň 17-si Olimpiýa Stadionyna Geldiler

turkmenhabargullugy

Belarusda Sambo Boýunça Geçirilen Ýaryşyň Fotosuratlary