18.9 C
Aşkabat
19.05.2024
DURMUŞ

Emeli derýanyň bol suwy.

Şlýuzdan yzyna akýan gerişlije suw tolkunlary ýene-de Garagum derýasynyň giň hanasyna düşüp, rahatlanýarlar. Bu ýerde, Köpetdag suw howdanyndan çykan ýeriňde, derýa aýratyn özüne çekýär. Özüniň gözbaşyny uzakda ýerleşýän Pamir daglarynyň buzluklaryndan alyp gaýdýan suw amyderýanyň gyrmançasyndan we çägesinden boşap, aýratyn reňke öwrülip, dury görnüşe eýe bolýar.

Ýakynda derýanyň kenarlarynda ýer gazyjy tehnika işledildi – hana çuňlaşdyryldy hem-de giňeldildi. Şonuň üçin hem günbatara tarap tizlik bilen akýan suw aýratyn görnüşe eýe boldy. Bu suw desgasynyň suw geçirijilik mükinçiligini artdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär. Özi hem şular ýaly işleri Garagum derýasynyň müňlerçe kilometre uzaýan beýleki böleklerinde – Baş, Mary we Ahal welaýatlaryndaky böleklerinde hem görmek bolýar. Mundan hem başga ulanyşyň işgärleri kenarlarda köne gum üýşmeklerini aýyrýarlar, kenarlarda tekizleýiş işleri geçirilýär, indi derýanyň uz boýuna baglar, üzüm agaçlary gök salyp otyrlar, bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlar giň meýdany eýeleýärler. Golaý wagtda Aşgabat sebtinde derýanyň boýunda bag ekilen zolagy döretmek göz öňünde tutulýar.

Howuzhanda, Maryda, Babadurmazda, Gämide, Aşgabatda derýanyň üstünden geçän häzirki zaman köprüler we ýol aýrytgylary emeli derýa täze keşp berýär. Bu bolsa derýany ponton ýüzüji geçelegelerden halas etdi hem-de derýänyň uly aralygyna gämi gatnawyny ýola goýmaga şertleri döretdi. Muny Garagum çölüni gülzarlyga öwüren suwa we suw desgalaryna uly baýlyk hökmünde garaýan ýurduň bu baýlyklara uly hormat goýýandygyny aňladýar. Tebigat Türkmenistana mes toprakly mekany eçilipdir. Ýöne, atalar sözünde “çölde toprak döretmez, suw döreder” diýlip aýdylşy ýaly, bu ýerlerde suw ýetmezçilik edipdir. Amyderýanyň suwy gelmezinden ozal mes toprakly müňlerçe gektar meýdan güne ýanyp, tozap ýatyrdy.

Ynha indi, Garagum derýasy ýarym asurdan gowrak wagt bäri ýurduň baş suw desgasy hökmünde hyzmat edip gelýär. Ol Amyderýadan gözbaş alýar. Soňra Günorta-Gündogar Garagumyň içi bilen geçip, gadymy Murgap sebtini we Murgapdyr Tejen derýalaryny kesip geçýär, soňra Köpetdagyň etegi bilen geçip gidýär. Onuň uzynlygy 1100 kilometr bolup, ýurduň oba hojalyk ekinleri ekilýän meýdanynyň bir milliondan hem gowrak meýdanyny suw bilen üpjün etmäge mümkinçilikleri berýär. Her ýylda Amyderýädan Garagum derýasyna 10 milliart kubmetrden hem gowrak suw gowuşýar. Bu suwlar oba hojalyk ekinlerini suwarmakda, senagat önümçiliginde we agyz suwy hökmünde ulanylýar. Gidrotehniki gurluşly, suw howdanly, hususy önümçilik binýatly müňlerçe kilometre uzaýan bu suw desgasy dünýäde iň iri suwaryş-suwlandyryjy ulgamlarynyň birini döretmäge mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrliginiň bölümleriniň biri bolan “Garagumderýasuwhojalyk” birleşigi suw ulgamynyň bu ajaýyp segasyny ulanmak bilen meşgullanýar. Garaşsyzlyk eýýamynda bu birleşigiň maddy-tehniki binýady tehniki taýdan gaýtadan üpjün edilmeginiň we täze tehnikalar bilen üpjün edilmeginiň hasabyna ep-esli gowlandyryldy. Bu bolsa derýanyň bütin boýuna – Amyderýadan başlap Berekete çenli ýokary hilli bentleri gurmaga, derýany çägelikden we gyrmançalardan arassalamaga we giňeltmäge, onuň kenarlarynyň ähli ýerlerini abadanlaşdyrmaga şertleri döretdi. Häzirki bagtda bu işlerde dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň öndüren zemsnarýadlarynyň ýüz töweregi, onlarça ýer tekizleýjileri, ýer gazyjy we beýleki tehnikalary öndürijilikli işledilýär. Bu tehnikalara müňlerçe kilometrlik deýanyň ulanyş bölümleriniň dokuzsynyň hünärmenleri tarapyndan gözegçilik edilýär. Bu bolsa bol suwly derýanyň suwunyň uly mukdarda geçirijiligini üpjün etmäge şertleri döredýär.

Garagum derýasynda dürli ähmiýetli desgalar – gözýetimdäki suwlary we suwuň sarp edilşini, ýagyn suwllaryny, suw howdanlaryny, ulag we akweduklary sazlaşdyrmak üçin bentler, diregler guruldy. Birleşigiň inžener-gidrotehnikleri, inžener-gidrometleri, sazlaýjylary ýaly hünärmenleri elektron gurluşlary ulanmak bilen, suwuň geçiniň hasabatyny alyp barýaralr, amyderýanyň suwunuň ekin meýdanlaryna üznüksiz berilmegini gazanmak bile, bentleriň meselelrini we derýanyň hanasy boýunça suwuň akyşyny, ony sarp edijilere berilşini çözýärler, suw sorujy beketleriň işini üpjün edýärler, hanany arassalamak, çuňlaşdyrmak we giňeltmek işleri bilen meşgullanýarlar. Derýanyň kenarlaryny we suw howdanlaryny biologiki taýdan arassalaýyş işlerini geçirmek üçin Ylmy-önümçilik merkeziniň ekologlary ratapyndan 30 milliona çenli ösümlik iýiji balyjaklar ösdürilip ýetişdirilýär hem-de göýberilýär.

Möwsümleýin we içki ulgam suw beriliş meselelrini sazlaşdyrýan “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” (öňki Zeýid) we Hanhowuz suw howdanlarynynyň göwrümini giňeltmek ulanyjylaryň iň möhüm wezipeleriniň diri bolup durýar. Eýýäm şu ýyl gatlalalryň köpeldilmeginiň hasabyna bu emeli suw howdanalry öňkä garanyňda 0,7 milliard kubmetr suwy köp kabul etmäge mümkinçiligi bardyr. Geljekde olaryň jemi möçberi 2,9 milliard kubmetre çenli artdyrylar, “garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” suw howdanynyň nobardaky ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň başlanmagy bilen bolsa Türkmenistanyň oba hojalyk ekinleri üçin suwuň berilşi birnäçe esse artar. Häzirki wagtda derýänyň boýunda ýerleşýän “Graşsyzlygyň 15 ýyllygy”. Hanhowuz, Köpetdag we Gurtly suw howdanlarynyň dördüsiniň ählisinde ätiýaçlyk suw 2,7 milliard töweregi kubmetrdir. Bu örän uly suw mümkinçiliginiň netijeli peýdalanylmagy pagtaçylara, gallaçylara we gök ekerançylara bol hasyl ösdürip ýetişdirmäge, şeýleleik bilen, ýurduň azyk garaşsyzlygyny gazanmaga şertleri döreder. 

Degişli makalalar

Balsaýat Wokal Tans Topary

syrach

Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň Mähriban Halkyna, Edermen Pileçilerine we Ussat Ýüpekçilerine

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi