04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana Sapary

6-njy martda geçirilen Türkmenistanyň Hökümetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri 10-11-nji martda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň nobatdaky döwlet saparynyň taýýarlygy barada hasabat berdi. Ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekilmegi meýilleşdirilýän ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleriniň gün tertibine ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleri goýular.

Milli Liderimiz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň nobatdaky döwlet saparynyň ähmiýetine ünsi çekip, ýyl-ýyldan täze mazmun bilen üsti ýetirilýän türkmen-eýran gatnaşyklarynyň däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetine eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti möhüm ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň depginli häsiýetini belledi, şol sanda ykdysady ugurda, muňa dürli pudaklarda durmuşa geçirilen bilelikdäki iri taslamalar şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň we Eýranyň halklaryny baglanyşdyrýan köpasyrlyk, taryhy, ruhy-medeni gatnaşyklary mynasyp dowam etdirýän gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegidigini» belläp geçdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gagauziýanyň baştutanyny kabul etdi

syrach

Кöp Soralýan Soraglar

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Pagta Önümleriniň VI Halkara Sergi-Ýarmarkasy