15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
SAGLYK

Sagdyn Millet Ýaramaz Endiklerden Daşda Durýar

Türkmenistanyň Saglyk we derman senagaty ministrliginiň maslahatlar zalynda temmäkä garşy göreş boýunça edarara iş toparynyň mejlisi geçirildi. Onuň işine temmäkä garşy göreş maksatnamasyna degişli bolan ministrlikleriň we edaralaryň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik we halkara guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Iş toparynyň nobatdaky mejlisi 31-nji maýda bellenilip geçilýän Bütindünýä temmäkä garşy göreş gününe we oňa degişli bolan çärelere bagyşlandy. Üstümizdäki aý temmäkä garşy göreşmegiň aýy bolar. Temmäkä garşy göreş edarara iş toparynyň mejlisine gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenilşi ýaly, meýilleşdirilen çäreler milletiň saglygyny berkitmäge, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, adam saglygyna zyýanly bolan zyýanly we howply endiklere barlyşyksyz garşy göreşýänleriň hataryny giňeltmäge mümkinçilik berer. 

Bütindünýä temmäkisiz güni dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni temmäkiniň ölüm howply netijelerine we temmäkini ulanmagy azaltmak boýunça netijeli syýasaty alyp barmaga çekmek maksady bilen, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we onuň hyzmatdaşlary tarapyndan 1988-nji ýylda döredildi. BSGG şu ýyl “Temmäki önümleriniň bikanun söwdasyny bes etmeli” diýen şygary yglan etmek bilen, bütindünýä kampaniýasy hökmünde dünýä jemgyýetçiligini ony ýerine ýetirmäge çagyrýar. 

Halkara guramalarynyň we dünýä ýurtlarynyň 176 tarapyndan gol çekilen Çarçuwaly konwensiýa bu ulgamda alnyp barylýan syýasaty amala aşyrylmagyny üpjün edýän maksatnamalaýyn halkara resminamasy boldy. Bu Konwensiýa Birleşen Milletler Guramasynyň taryhynda iň bir giňden ykrar edilen şertnamalaryň biri boldy. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu Çarçuwaly konwensiýa 2011-nji ýylyň baharynda goşulyşdy. Biziň ýurdumyz bu halkara resminamasynyň işlenilip taýýarlanmagyna iň bir işjeň gatnaşan ýurtlaryň biri boldy. Türkmenistanyň bu ulgamdaky tejribesi bolsa diňe bir Konwensiýany işläp taýýarlamakda giňden ulanylman, eýsem beýleki döwletlerde ulanmak üçin nusga hökmünde hem ykrar edildi. 

Şunlukda, Türkmenistanda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde 2000-nji ýyldan başlap, temmäki önümlerini wagyz etmek gadagan edildi, döwletiň bu ýörelgesi, şeýle hem temmäki önümleriniň söwdasynyň we hemaýatkärlik edilmeginiň gadagan edilmegi beýleki ýurtlar üçin nusga alarlyk hökmünde BSGG agza döwletleri tarapyndan ykrar edildi we bu Konwensiýada öz beýanyny tapdy. Mundan hem başga, çagalary we ýetginjekleri temmäki önümleriniň täsirinden we ulanmakdan goramak, temmäki garaşsyzlygynyň öňüni almak we bejermek, temmäki tüssesinden azat zolaklary döretmäge ýardam bermek, milli we halkara derejelerinde bilimleri we maglumatlary alyş-çalyş etmekligi çuňlaşdyrmak, ilatyň aýratyn gowşak toparyny goramak we beýlekiler bu halkara resminamasynyň esasyny düzýän bölekleri boldy. 

Konwensiýanyň kadalarynyň köpüsi biziň ýurdumyzda kanuny tarapdan berkidilendir. Türkmenistanda zyýanly endikleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek işleri işjeň alnyp barylýar, sagdyn durmuş ýörelgesini we sport hereketini ösdürmek boýunça maksatnamalar amala aşyrylýar. Temmäki meselesi dürli edaralaryň we guramalaryň bilelikdäki tagallalary esasynda çözülýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2012-nji ýylyň ýanwar aýynda BSGG “Saglyk-2020” syýasatynyň çäklerinde toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýan “Türkmenistanda 2012-2016-njy ýyllarda temmäkä garşy göreşmek boýunça hereketleriň meýilnamasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi. Şeýle hem temmäkä garşy göreşmek boýunça Edarara utgaşdyryjy komitet döredildi. 

Golaý geljek on ýyllykda bütin Ýewropa sebitinde düzüminde temmäki çekmek bolan ýokanç däl keselleriň öňüni almak we oňa garşy göreşmek meseleleri boýunça saglyk syýasatyny 2013-nji ýylyň dekabr aýynda türkmen paýtagtynda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça BSGG Ýewropa ministrler konferensiýasynda kabul edilen Aşgabat deklarasiýasy kesgitlär. Konferensiýanyň işi tamamlanandan soňra birnäçe günden Türkmenistanda “Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümleriniň ulanylmagynyň netijelerinden goramak hakynda” Kanun kabul edildi.

Degişli makalalar

Maksatnamalaýyn hyzmatdaşlyk täze derejelere çykýar.

syrach

Ýiti Respirator Wirusly Ýokanç Keselleriň Öňüni Almak Boýunça BSGG-niň Maslahatlary

Adamlaryň saglygyny goramak ugrunda tagallalary birleşdirip.

syrach