18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Etrap halk maslahatynyň agzalygyna saýlawlar geçirildi.

Aşgabat şäheriniň täze döredilen Ruhabat we Abadan etraplarynda, şeýle hem Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda etrap halk maslahatynyň agzalygyna saýlawlar geçirildi. 

Ozal habar berlişi ýaly, ýurdumyzda hereket edýän saýlaw kanunçylygyna we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, açyklyk, aýanlyk ýörelgelerine daýanýan hem-de giň demokratik we bäsdeşlik esasynda halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri görkezmek çäresi boldy. Ruhabat, Abadan we Derweze etraplarynyň her birinde etrap halk maslahatyna agzalyga saýlawlar boýunça saýlaw okruglarynyň 20-si, şeýle hem Derweze etrabynda Geňeş agzalygyna saýlaw okruglarynyň 9-sy döredildi. Saýlaw okruglarynyň 69-synda halk ynamyna dalaşgärleriň 139-sy deň şertlerde görkezildi. 

Ir bilen saýlaw uçastoklaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryny öz içine alýan we mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk çeşmesi bolan halk erkine daýanýan demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli, oňyn özgertmeleriň netijelerinden ruhlanan saýlawçylar gelip başladylar. 

Ýerlerde saýlawlaryň ähli tapgyrlarynyň geçişine milli synçylar gözegçilik etdiler. Olar çäräniň açyklyk we aýdyňlyk esasynda geçendigini tassykladylar. 

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda TDH-nyň habarçysyna habar berişleri ýaly, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda saýlawlar geçirildi diýlip ykrar edildi. 

Ýerlerde sesleri sanamak işleri dowam edýär. Synçylaryň pikirine görä, saýlawçylaryň görkezen ýokary işjeňligi we raýatlyk düşünjesi agzybir hem-de jebis türkmen halkynyň gadymy halk häkimiýetiniň däplerine ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklady. Mälim bolşy ýaly, şol asylly ýörelgeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän ägirt uly özgertmeler zamanasynda häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik özgertmeleriniň esasyny düzýär.

Degişli makalalar

Türkmen Ylmynyň Ýaş Zehinleriniň Sylaglanyş Dabarasy

syrach

Türkmen Elektroenergetikasynyň Eksport Kuwwaty Artýar

Türkmenistan–BMGÖM

syrach