18.9 C
Aşkabat
25.04.2024
YLYM

Ýurduň orta hünär okuw mekdeplerinde abituriýentler üçin giriş synaglary tamamlandy.

Türkmenistanda hünär okuw mekdepleriniň sany ýylba-ýyldan artýar. Diňe geçen ýylyň özünde Aşgabatda orta hünär okuw mekdepleriniň bäşisi – Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi we Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi açyldy. Şeýle hem „Türkmenhimiýa“ Döwlet konserniniň Tehniki orta hünär okuw mekdebi özüniň ilkinji talyplary üçin gapylaryny giňden açdy. Umumylykda bu hünär orta okuw mekdepleri hünär pudaklaryna gerek bolan hünärleriň 45-si boýunça orta zwenodaky hünärmenleri taýýarlaýarlar. 

Öňde duran 2013-2014-nji okuw ýylynda welaýatlaryň ählisinde paýtagtda bäş ýyl mundan ozal döredilen orta hünär okuw mekdeplerine meňzeş maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdepleriniň 5-si öz işine başlar. Olaryň bilimi 2014-nji ýylyň birinji ýanwaryndan başlap halkara standartlaryna laýyk gelýän buhgalter hasabaty milli ulgamyna doly geçmek işleriň çäklerinde möhüm başlangyç bolup durýar. 

Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda awgust aýynyň birinji on günlüginde Ahal welaýatynyň Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplary üçin giriş synaglary geçirildi. Häzirki wagtda Gökdepäniň A.Annanyýazow köçesinde ýerleşýän bu okuw mekdebiniň binasynda abatlaýyş işleri ahyrky tapgyrda alnyp barylýar, okuw we ýöriteleşdirilen okuw otaglary abadanlaşdyrylýar hem-de enjamlar bilen üpjün edilýär. Şeýle hem bu ýerde lingafon we kompýuter otaglary bolar, mekdebiň sport bazasy abadalaşdyrylýar. 

Ahal welaýatynyň Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bäsleşik esasynda kesgitlenen biirinji ýylyň talyby diýen ada eýe bolanlaryň 80-si eýýäm talyplyk durmuşyna taýýarlyk görýärler. Bu ýerde ilkinji okuw ýyly üçin üç sany hünär – buhgalter hasabaty we maliýiýeleşdirmek, maliýe we kredit, ykdysadyýet we planlaşdyrmak boýunça hünär öwrediler.

Degişli makalalar

Hekaýa: Tebip Enäniň Sargydy

Üstünligiň Özboluşly Tarapy

38 Belgili Aýakgap