23.9 C
Aşkabat
25.04.2024
DÜNÝÄ

Ýewropa Bileleşiginiň wekiliniň sapary

    Şu günler Ýewropanyň Komissiýasynyň Merkezi Aziýa boýunça «Ewropa Eýd» hyzmatdaşlyk edarasynyň bölümçe müdiri jenap Mario Ronkoni türkmen paýtagtynda bolýar.

Türkmenistanyň Maliýe ministrliginde, Bilim ministrliginde, Oba hojalyk ministrliginde, Türkmenistanyň Mejlisinde, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda geçirilen duşuşyklaryň barşynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda tehniki hyzmatdaşlygyň eýýäm hereket edýän, şeýle hem işlenilip düzülýän geljegi uly bolan taslamalaryň we maksatnamalaryň nukdaýnazaryndan konstruktiw hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy meseleleri boýunça özara gyzyklanma bildirilen pikir alyşma geçirildi. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň esasy halkara guramalary, hususanda, Ýewropa bileleşigi bilen özara gatnaşyklary ösdürmek syýasatyna aýratyn orun berildi.

Netijeli gatnaşyklary berkitmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, «Ewropa Eýd»-iň wekili Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasyna laýyklykda ýola goýlan gatnaşyklary yzygiderli giňeltmegi niýet edinýändigini, şonda Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini nygtady.

Ertir myhman Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul ediler diýlip garaşylýar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Merkezi Komandowaniýesiniň Serkerdebaşysyny kabul etdi

syrach

BMG bilen howpsuzlyk hyzmatdaşlygy.

syrach

“Oýunly Sözlük”: Iňlis Dilini Gyzykly Öwreniň