15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
DÜNÝÄ

“Exxon Mobil” amerikan kompaniýasynyň wekiliniň sapary.

Türkmen paýtagtynda “Exxon Mobil” amerikan nebit kompaniýasynyň Ýewropa we Hazar deňzi sebiti boýunça wise-prezidenti jenap Fil Malhol saparda bolýar. Ol bu ýerde geçiriljek Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň kompaniýalarynyň II sergisine we türkmen-amerikan işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin ýörite geldi.

Mälim bolşy ýaly, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň okgunly ösýän

Türkmenistana bolan aýratyn gyzyklanmasy soňky ýyllarda has-da artdy. Munuň özi biziň ýurdumyzyň amatly maýa goýum ýagdaýy, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ägirt uly taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmaga özara bähbitli şertlerde gatnaşmak mümkinçiligi bilen şertlendirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça türkmen wekiliýetiniň ýakynda Waşington şäherine bolan saparynyň çäklerinde Türkmen-amerikan işewür geňeşiniň agzalary bilen duşuşygyň geçirilendigini bellemek gerek. Şol duşuşyga Exxon Mobil, Chevron, Conocophillips, Caterpillar, Boeing, Case New Holland, Bell Helicopter we beýleki iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda amerikan işewürleriniň Türkmenistana täze tehnologiýalary ibermäge, maýa goýumlaryny goýmaga we beýleki işlere gatnaşmak mümkinçiligi jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Uglewodorod çig malynyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň geljegine ýokary baha bermek bilen, işewür toparlaryň wekilleri Türkmenistana energiýa serişdelerini dünýä bazaryna ibermek we täze transmilli turbageçirijileri çekmek, nebitgaz pudagynyň täze desgalaryny gurmak we hyzmatlary etmek boýunça taslamalary amala aşyrmaga ýardam etmäge hemmetaraplaýyn taýýardygyny beýan etdiler.

Jenap Fil Malholyň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümetinde duşuşyk geçirildi, onuň barşynda daşary ýurt maýasy üçin türkmen bazarynyň özüne çekijiligini nazara almak bilen ýakyn geljek üçin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pikir alyşmalaryň çäklerinde “Exxon Mobil” kompaniýasynyň wise-prezidenti türkmen ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek, şol sanda geologiýa-gözleg, uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek, nebiti gaýtadan işlemek bilen bagly taslamalary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi.

Gorlarynyň möçberi garaşsyz halkara bilermenler tarapyndan tassyklanan baý uglewodorod serişdeleri, ýurtda daşary döwlet işewürleri üçin ähli şertleriň döredilendigi we geografik taýdan amatly ýerleşendigi barada aýtmak bilen jenap Fil Malhol öz kompaniýasynyň Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardygyny tassyklady. Aşgabat şäherinde kompaniýanyň edara binasynyň açylmagy munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly,innowasion tehnologiýalaryň we inžener-tehniki pikiriň soňky gazanylanlarynyň iş ýüzünde giňden ornaşdyrylmagy ýurduň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryny düýpli döwrebaplaşdyrmaga üns berýän häzirki zaman türkmen döwletini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz ulgamynda uly tejribe toplan, ägirt uly önümçilik kuwwatyna eýe bolan we özüni dünýäde häzirki zaman tehnologiýalaryny esasy işläp düzüji hökmünde tanadan “Exxon Mobil” kompaniýasynyň wise-prezidenti hyzmatdaşlygyň bellenilen meýilnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Türkmenistanyň gazananlary, türkmen halkynyň medeniýeti we däpleri bilen giňden tanyşmak maksady bilen biziň ýurdumyza saparynyň çäklerinde jenap Fil Malhol “Türkmenistan” telewizion merkezine, Halkara atçylyk sport toplumyna, Baş milli muzeýe, Şekillendiriş sungaty muzeýine baryp görer.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

OPEC+ Boýunça Oňaýly Yşaratlara Garaşmanyň Netijesinde Nebitiň Bahalary Ýokarlanýar

turkmenhabargullugy

Halkara Zähmet Guramasy Bilen Özarahereketleri Giňeltmegiň Mümkinçiliklerine Seredilip Geçildi

turkmenhabargullugy

Eýran Ýewropanyň Gaz Bazarynda Bäsdeşlik Etmegi Meýilleşdirmeýär

syrach