04.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Gündelik Hasabat: 21-nji Sentýabr, Hepdäniň Penşenbe Güni

Gündelik Hasabat: 21-nji Sentýabr, Hepdäniň Penşenbe Güni

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary döwründe iň gyzgalaňly hem-de oýunlaryň tertipnamasyna laýyklykda iň köp ýaryşlaryň geçiriljek güni hepdäniň penşenbe güni, ýagny 21-nji sentýabrdyr.

Penşenbe güni 13 sany sport ugry boýunça ýaryşlar bolup, olaryň üçüsi – atly sport (konkur), bowling hem-de küşt boýunça ýaryşlar Aşgabat 2017 oýunlarynyň çäginde ilkinji gezek geçiriler. Şu gün sportuň 13 görnüşiniň 9-sy boýunça medal gowşurylar. Olar: atly sport (konkur), guşakly göreş, bilýard sporty, bowling, kuraş, taý boksy, taekwondo, welotrek hem-de agyr atletika. Bu sport ugurlary boýunça ýaryşlara gatnaşýan türgenleriň ählisi Aşgabat 2017 oýunlarynyň medallaryna mynasyp bolmagy arzuw edýär.

Oýunlar geçirilýän ýurduň türgenleri şu günki ýaryşlaryň başyny başlap berer. Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistan medal gazanan ýurtlaryň sanawynda birinji orunda durýar. Türkmenistanly türgenleriň gazanan jemi 127 medalyň 53-si altyn medaldyr.

Hytaýly türgenler Aşgabat 2017 oýunlarynyň küşt boýunça ýaryşlarynda baş baýraklary gazanmagy maksat edinýär. Küşt boýunça ýedi tapgyr geçirilip, ýaryşlaryň ilkinji gününde şahsy nusgawy görnüşiniň iki tapgyry geçiriler.

44 sany erkek we 39 sany zenan küştçüler aýratynlykda ýaryşar. Bu bolsa, erkek hem-de zenan küştçüler üçin altyn, kümüş we bürünç medallardan ikisiniň boljakdygyny aňladýar. Hytaýly Wang Ýue hem-de wýetnamly Le Kuang Liem janköýerleri köp bolan küştçülerdir. Emma hindistanly küştçüler Surýa Ganguly, Krişnan Sasikiran hem-de hytaýly Lu Şanglei ýaly küşt ussatlary medal üçin esasy dalaşgärleriň biri bolup durýar. Zenanlaryň arasynda küşdüň nusgawy şahsy görnüşinde şu wagtky dünýä çempiony hytaýly Tan Zongiý halkyň söýgüsini gazanan ussat küştçi bolup durýar. Muňa garamazdan, dünýä çempionyna bäsdeş bolmaga ukyply birnäçe zehinli zenan küştçüler hem bar.

Aşgabat şäheriniň çäginde geçiriljek atly sport (konkur) boýunça Saud Arabystandan gelen çapyksuwarlar bu ýaryşlarda ýeňiji bolmagy arzuw edýärler. Ussat arap atly toparynyň 4 türgeniniň üçüsi erkekleriň arasynda dünýä boýunça şu ýyl anyklanylan iň ökde 500 sany çapyksuwaryň sanawyna girýär. Olardan 113-nji ýerde durýan Abdullah Walid Al Şarbatlydyr. Bu ökde türgen 2012-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda bürünç medaly gazanmagy başaran toparyň agzasydy.

Bowling boýunça ýaryşda Koreýa Respublikasyndan gelen bilýardçylar birinjiligi alar diýlip çaklanýar. 2013-nji ýylda Inçhon şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlaryny gurnan ýurt hökmünde, şol ýyl koreýaly türgenler bu sport ugry boýunça 7 medal gazanmagy başardy. Olaryň biri – altyn, üçüsi – kümüş we üçüsi – bürünç medallardyr. Ondan ozal geçirilen üç oýunlarda hem beýleki Milli Olimpiýa komitetlerinden tapawutlanyp, bu ýurduň türgenleri bowling boýunça jemi 21 medal gazanmagy başardy. Çoi Bokeum Günorta Koreýanyň bowling boýunça toparynyň ýolbaşçysy bolup, öz toparynyň hökman iki altyn medaly gazanmagy maksat edinýändigini mälim etdi.

Şeýle-de, penşenbe güni erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda futzal boýunça final ýaryşlary geçiriler. Guşakly göreş boýunça erkekleriň arasynda 70 kg-a çenli we 90 kg-dan ýokary agyrlyk derejelerinde ýaryşlar gazak göreşi görnüşinde geçiriler. Tennis sport ugry boýunça ýekebara oýnuň ikinji tapgyry, garyşyk oýnuň bolsa birinji tapgyry tennis toplumynda geçirilmegini dowam etdirer. Kuraş sporty boýunça erkek hem-de zenan türgenler üç agyrlyk derejesi boýunça medal ugrunda göreşer.

Penşenbe güni taýboksy boýunça uly ýaryş güni bolar. 14 sany agyrlyk derejesinde (şolardan 5-si zenanlaryň, 9-sy erkekleriň arasynda) türgenler medal üçin göreşerler. Zenanlaryň arasynda taekwondo boýunça ýaryşlar 3 sany agyrlyk derejesinde geçiriler, emma erkekleriň arasynda taekwondo ýaryşlary diňe 68 kg-a çenli agyrlyk derejesinde geçiriler. Welotrek boýunça ýaryş üçin bu gün diňe bir sany medal gowşuryş dabarasy bar. Ol hem zenan türgenleriň arasyndadyr. Agyr atletika boýunça 21-nji sentýabrda geçiriljek ýaryş zenanlaryň arasynda 63 kg, erkekleriň arasynda bolsa 77 kg agyrlyk derejesinde geçiriler.

Degişli makalalar

Türkmen Lideri’nin Kitabının Tanıtım Töreni Gerçekleştirildi

turkmenhabargullugy

Haryt-Çig Mal Biržalary we Birža Söwdasy Hakynda Türkmenistanyň Kanuny

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi