14.9 C
Aşkabat
19.05.2024
YLYM

Fizikaça türkmen talyplary – Halkara olimpiýadasynyň ýeňijileri.

Türkmen talyplary Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde tamamlanan nazary mehanika boýunça IX halkara olimpiýadasynda baýraklaryň üçüsine – bir altyn we iki bürünç medallara eýe boldular. Bu bäsleşige dünýäniň dürli ýurtlaryndan, şol sandan Türkmenistandan ýokary okuw mekdepleriniň 32-sinden talyplaryň 150 töweregi gatnaşdy. 

Şahsy bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň radiofizika we elektronika hünäri boýunça bilim alýan 3-nji ýyl talyby M.Annaýew altyn medal, şu fakultetiň 1-nji ýyl talyby M.Mälikow we 3-nji ýyl talypy P.Seýidow bürnç medallar bilen sylaglandylar. Toparlaýyn hasapda Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary üçünji baýrakly orna eýelediler. Türkmen talyplarynyň nazary taýýarlyygynyň we zehininiň ýokary derejesini bu halkara olimpiýadasynyň çäklerinde geçirilen “Breýn-ring” bäsleşigi hem tassyklady, şonda türkmen döwlet uniwersitetiniň topary ikinji baýrakly orna eýe boldy. 

Her ýylky halkara derejesinde geçirilýän ders olimpiýadalarynda netijeli çykyş edýän türkmen talyplarynyň bu nobatdaky üstünligi Batanymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-kuwwatynyň ösýän derejesine we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan berilýän uly ünsüň, goldawyň netijesinde türkmen ýaşlarynyň köptaraplaýyn zehininiň açylýandygyna we ösýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. 

Ýurdumyzyň bilim binýadynda bu gazanylanlar diňe bir milli Liderimiz tarapyndan bu ulgamda alnyp barylýan özgertmeleriň üstünligine şaýatlyk etmän, eýsem-de türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň sazlaşykly we ähli taraplaýyn terbiýesi hem-de bilim almagy boýunça göz öňünde tutulan ajaýyp maksatnamalaryň mundan beläk-de maksada laýyk durmuşa geçirilmegi üçin ygtybarly esas bolup durýar. Ol bolsa milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny ýokary hilli döwrebaplaşdyrmak boýunça öňde goýulan meseleleri çözmäge, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň ýurdumyzyň nobatdaky belent gülläp ösüşlere mundan beýlägem gyşarnyksyz ýetmegine uly goşant goşjak bilim ulgamynda öňdebarajy dünýä tejribelerini özleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri göz öňünde tutýar.

Degişli makalalar

Di­no­zaw­ryň ga­lyn­dy­la­ry ta­pyl­dy.

syrach

“Ata Watan Eserleri” Bäsleşigi : Kitap Okamagyň Peýdalary

turkmenhabargullugy

V Aziada Bagyşlanyp Talyplaryň Arasynda Lingwistika Bäsleşigi Geçirildi