21.7 C
Aşkabat
06.05.2024
SPORT

Türkmenistanyň wekilýeti Aziýa futbol konfederasiýasynyň maslahatyna gatnaşar.

Malaziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda Aziýa futbol konfederasiýasynyň maslahaty geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň wekilýeti doly hukukly agza hökmünde gatnaşýar. Bu iri halkara çäresine türkmen topary ýurdumyzyň Milli olimpiýa komitetiniň baştutany bolup durýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça gatnaşýar. 

Düzüminde 46 ýurdyň wekilçilikli toparlary bolan yklymyň abraýly futbol guramasyna agza bolmagy biziň ýurdumyzyň futbol ulgamynyň sportuň bu görnüşi boýunça yzygiderli geçirilýän halkara bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşmagyny şertlendirýär. Aziýa bäsleşiklerine milli toparlaryň we klublaryň derejesinde yzygiderli gatnaşmak arkaly biziň ildeşlerimiz zerur bolan tejribe toplaýarlar we öz ussatlyklaryny ýokarlandyrýarlar. 2010-njy we 2012-njy ýyllarda degişlilikde Şri-Lankada we Nepalda AFK-nyň çagyryş Kubogyny almak ugrunda geçirilýän bäsleşiklerde türkmen futbolçylary iki gezek final oýunlaryna çykdylar. Şu ýyl bolsa biziň futbolçylar toparymyz Filippinlerde geçirilen saýlma bäsleşiklerde AFK-nyň çagyryş Kubogynyň final oýunlaryna gatnaşmaga ýollama aldylar. Bu bäsleşik 2014-njy ýylda Maldiw adalarynda 8 toparyň gatnaşmagynda geçiriler. 

Türkmen türgenleriniň dünýä giňişliginde ýokary netijeleri gazanmagy, biziň toparlarymyzyň halkara derejelerinde geçirilýän dürli ýaşlarda gazanýan üstünlikleri baradaky yzygiderli gelip gowuşýan hoş habarlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösüdirilmegi, ýokary derejeli ussat türgenleriň taýýarlamagy boýunça durmuşa geçirýän syýasatyna oňyn netije berýändigini aýdyň subutnamasydyr. 

Mälim bolşy ýaly, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň çözgüdine görä Türkmenistan 2017-njy ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk görýär. Şu jähetden türkmen toparynyň AFK-nyň wekilçilikli maslahatynyň gatnaşmagy soňky ýyllarda işjeň häsiýete eýe bolan sport ulgamynda ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlygy yzygiderliösdürilýär mundan beýläk-de berkidilmegi üçin oňaýly mümkinçiligi açýar.

Degişli makalalar

Sambo Boýunça Aziýa Çempionatyndan

syrach

Ýaşlaryň Arasynda Türkmenistanyň Birinjiliginiň Duşuşyklary Ýaýbaňlandyrylar

Iýunyň Baýramçylyk Senenamasynda-Aziada-2017-ä 100 Gün Galmagyna Bagyşlanan Dabaralar