21.9 C
Aşkabat
03.05.2024
SPORT

Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy badalga…

Şu gün ýurdumyzyň futbol meýdanlarynda 1/8 finalyň oýunlary bilen Türkmenistanyň Kubogy badalga aldy. Geçen möwsümdäkiden tapawutlylykda şu ýylyň ähmiýeti boýunça ikinji toparlaýyn baýrak ugrunda ýokary liganyň komandalary we birinji liganyň ýaryşlarynyň ýeňijileri bäsleşýärler. 

Çärýek finalçylaryň ilkinji üçüsi möhletinden öň kesgitlendi. Olar paýtagtymyzyň HTTU, Lebabyň “Bezirgen” we Daşogzuň “Gallaçy” toparlary bolup, olaryň 1/8 final boýunça bäsdeşleri ýaryşa gatnaşmakdan ýüz öwürdiler. 

Şu gün geçirilen ilkinji oýunlardan soň Marynyň “Merw” we Türkmenbaşynyň “Şagadam” toparlary 1/4 finala çykmaga hukuk gazandylar. Ýurdumyzyň wise–çempiony “Merw” “Goňur” toparynyň derwezesine jogapsyz pökgüleriň 6-syny saldylar. Deňizýakalylar bolsa öz meýdançasynda Serdar şäherinden “Sarydaş” toparyny 10:1 hasaby bilen ýeňdiler. Şu ýaryşyň ýeňijileriniň arasynda 6 pökgüni milli bäsleşikde 23 pökgi bilen öňde barýan A.Boliýanyň öz hasabyna ýazandygyny bellemek gerek. 

Balkanabatda garaşylmadyk netije hasaba alyndy. Ol ýerde ýurdumyzyň çempiony “Balkan” ýer eýesiniň derejesinde “Nebitçi” toparyndan 2:3 hasaby bilen ýeňildi. Bu duşuşygyň ykbaly oýnuň birinji ýarymynda kesgitlendi. Şonda “Balkanyň” derwezesine yzly-yzna 3 pökgi girdi. Olary A.Bekiýew (4-nji minut) hem-de S.Durdyýew (37-nji we 40-njy minutlarda 11 metrlik jerime urgusyndan) derwezä saldylar. Çempionyň toparynda K.Annaýew (30-njy minutda) we D.Orazgulyýew (47-nji minutda) tapawutlandylar. 

Galan iki oýunda paýtagtymyzyň “Altyn asyr” topary öz meýdançasynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instiutynyň “Hazyna” toparyny 3:1 hasaby bilen, “Aşgabat” topary bolsa 2:0 hasaby bilen Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk instutynyň “Talyp sporty” toparynyň futbolçylaryny ýeňmegi başardylar. 

Jogap duşuşyklary 16-njy noýabrda geçiriler. 

2012-nji ýylda Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi 5-nji dekabrda belli bolar.

Degişli makalalar

Riodaky Olimpiada Tarap Ýene-de Bir Ädim

syrach

Türkmen Pälwanlarynyň Ýedi Medaly

syrach

Moskwada Geçirilen Sambo Boýunça Dünýäniň Kubogy Ugrundaky Ýaryşlarda Türkmen Türgenleri Ýedi Medala Eýe Boldular