24.6 C
Aşkabat
23.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti resminamalara gol çekdi.

Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň we Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy we onuň başlyklygyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk, energetika we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary bellenildi. 

* * *


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň telekeçileriniň iş şertlerini gowulandyrmak, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine öz agzalarynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdiriljek Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda umumy meýdany 30600 inedördül metr bolan, mejlisler we banket zallaryndan ybarat Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Işewürlik merkeziniň taslamasyny düzmek we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Çyzgy” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany bellenen tertipde baglaşyp, gurmaga ygtyýar berildi. Gurluşyga 2012-nji ýylyň dekabr aýynda başlamak we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Işewürlik merkezini 2014-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. 

* * *


Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan tohum atlaryň gadymy görnüşlerini gorap saklamak we gözelligini, syn-sypatyny kämilleşdirmek, olaryň owadan, gaýtalanmajak tebigy görküni şekillendiriş sungatynyň eserlerinde beýan etmek, behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň her ýylyň aprel aýynda ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi. Türkmenistanda ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini geçirmegiň Tertibi, ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrundaky bäsleşigi geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy. 

Şeýle hem resminama bilen ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijilerine birinji orny üçin — Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy; 

ahalteke atlaryny şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde hem-de teleýaýlymlarda wasp edýän suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasyndaky bäsleşikleriň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň pul baýragy: 

türkmen bedewiniň şekili çitilen iň nepis haly üçin – 3 000 amerikan dollary; 

türkmen bedewiniň naýbaşy şaý-sepi, bezeg lybaslary üçin – 2 000 amerikan dollary; 

türkmen bedewiniň iň gowy surat eseri üçin – 1500 amerkian dollary; 

türkmen bedewiniň iň gowy heýkeli üçin – 1 000 amerikan dollary; 

türkmen bedewiniň keşbi ýerleşdirilen iň gowy neşir önümi – kalendar üçin – 1 000 amerikan dollary; 

türkmen bedewiniň gözelligini açyp görkezýän iň gowy telewizion görnüşler üçin – 1 000 amerikan dollary möçberde bellenildi. 

* * *


Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Balkan welaýatynyň agyz suw, şeýle hem ekerançylyk ýerleriniň suw bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen, Hazar deňziniň kenarynda suw süýjediji desgalary gurmak boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Döwlet toparyna Hazar deňziniň kenarynda suw süýjediji desgalary gurmak üçin zerur işleri geçirip, teklipleri taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy. Döwlet toparyna zerur halatlarda daşary ýurtlardan halkara maslahatçylarynyň hyzmatlaryndan bellenen tertipde peýdalanmaga ygtyýar berildi.

 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Pekindäki Ilçihanasynda Nowruz Bellenildi

syrach

Moldowanyň Prezidenti Atçylyk Sport Toplumyna Baryp Gördi

syrach

«Türkmengaz» Döwlet Konserni Bäsleşik Yglan Edýär 11.02.2019-01.04.2019

turkmenhabargullugy