25.9 C
Aşkabat
23.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Futbol Taryhynyñ Iñ Gowy Derwezebany Kim?

Bu sowalyň jogaby Ispaniýanyň «Marca» gazeti tarapyndan geçirilýän ses berişligiň netijesinde belli bolar. Halkara derwezebanlaryň güni mynasybetli dünýäniň iň gowy derwezebanyny kesgitlemek üçin şeýle ses berişlik çäresi geçirilýär.

Häzirki ýagdaýda bu ses berlişikde:

1-njy orunda Ispaniýanyň kapitany we derwezebany bolan Iker Kasilýas;

2-nji orunda Italiýa milli ýygyndysynyň we «Ýuwentus» toparynyň derwezebany Janluiji Buffon;

3-nji orunda Russiýanyň «Dinamo» toparynyň we ozalky SSSR-iň milli ýygyndysynyň derwezebany bolan Lew Ýaşin barýar.

1990-njy ýylyň 20-nji martynda aradan çykan Lew Ýaşin 1956-njy ýylda Olimpiýa çempiony, 1960-njy ýylda Ýewropanyň çempiony, «World Soccer, France Football», FIFA guramalarynyň yglan etmeginde XX asyryň iň gowy derwezebany adyna mynasyp boldy. Şeýle hem Ýaşin şu wagta çenli derwezebanlaryň arasynda ilkinji «Altyn top» baýragyny gazanan ýeke-täk derwezebandyr.

Çeşme: http://serhetabat-dovletabat.gov.tm/

Degişli makalalar

Paýtagtymyzda “Ak Şäherim Aşgabat” Atly Halkara Sergi Öz Işini Tamamlady

Bagtyýar Geljegi Saýlaýarys! Wideo

Türkmen Talyplary Futbol Bäsleşigine Gatnaşýar

syrach