22.2 C
Aşkabat
17.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Futzal Boýunça Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Kubogy «Talyp Sporty» Toparynda

Halkara Bitaraplyk gününiň baýram edilýän günlerinde Aşgabatda ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda 2018-nji ýylda futzal boýunça Bitaraplygyň Kubogynyň eýesi kesgitlendi. Bu toparlar bir hepdäniň dowamynda Olimpiýa şäherçesiniň meýdançalarynda erjel göreş alyp bardylar.

Üç toparça bölünen 10 topardan Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň “Talyp sportunyň” türgenleri iň oňat futzalçylar boldular, ýogsam, ýaryşlar başlamazdan öň, hormatly baýragyň eýesi bolmaga “Deňizçi” we “Migrasiýa” toparlary esasy dalaşgärler hasaplanýardy. Emma Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň wekilleri (Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi) hem-de Döwlet migrasiýa gullugynyň topary (Aşgabadyň çempionatynyň ýeňijileri) janypkeş garşydaşlarynyň duşmagynda çynlakaý bäsdeşlige sezewar boldy.

Düzgüne laýyklykda, “A” toparçadan ilkinji iki orny eýelän iki topar, “B” we “Ç” toparçalardan bolsa has köp utuk toplan toparlaryň hersinden biri utulan çykdy tapgyryna geçmäge hukuk almaly.

“A” toparçasyna, bije çekilişine laýyklykda, Döwlet migrasiýa gullugynyň “Migrasiýa”, Döwlet gümrük gullugynyň “Gümrükçi”, Goranmak ministrliginiň “Milli goşun” toparlary hem-de Milli sport we syýahatçylyk institutynyň “Talyp sportunyň” futzalçylary düşdi.

“B” toparçada Içeri işler ministrliginiň “Köpetdag”, “Senagatbank” we “Daýhanbank” toparlary garşydaş boldy. “Ç” toparçada “Deňizçi”, Döwlet serhet gullugynyň “Serhetçi” we Türkmenistanyň IIM-niň institutynyň “Nesil” toparlary jemlendiler.

“A” toparçada” öňdebaryjylar eýýäm birinji tapgyrdan soň kesgitlenildi — olar “Migrasiýa” we “Talyp sporty” boldy. Ikinji tapgyrdan soň bu toparlar özlerine ýarym finala çykmaga ygtyýar berýän ilkinji orny gutarnykly berkitdiler. Toparçadaky oýunlaryň üçünji tapgyry onçakly ähmiýetli bolmasa-da, futzalyň köp sanly janköýerleri ony final duşuşygynyň taýýarlygy diýip hasapladylar. “Migrasiýa” bilen duşuşykda depginli hüjüm edýän oýny bilen begendiren “Talyp sporty” janköýerleriniň tamasyny ödäp, öz ussatlygyny subut etdi. Ýaryşdan çykan “Milli goşun” we “Gümrükçi” toparçadaky oýunlarynda iň ajaýyp oýunlaryň birini görkezdiler.

“B” toparçada birinji tapgyrda tomaşaçylar iň esasy baýrak hökmünde geçirilýän duşuşygyň oýny ýaly, çekeleşikli tomaşany gördüler. Ol deňme-deň — 4:4 hasabynda tamamlandy. Bu netije ýaryş tamamlanýança üýtgemedi. Maliýe-bank ulgamynyň işgärlerinden düzülen topar babatda IIM-niň topary tapawutlandy. “Köpetdag” öz öňdebaryjysy hem-de iň köp pökgi geçiren türgeni Ussat Annamyradow bilen hüjüme ymtylyp, garşydaşyna utulan çykdy tapgyryna geçmek ugrunda hiç hili mümkinçilik bermedi.

“Ç” toparçada oýny bilen garşydaşlaryndan öňe saýlanan topar kesgitlendi. Köp bilermenleriň çaklamalarynyň tersine ol “Deňizçi” däl-de, “Nesil” boldy. Içeri işler ministrliginiň geljekki işgärleriniň topary bir duşuşykda derwezä geçirilen pökgüler boýunça Kubok ýaryşynyň rekordyny goýdy. “Nesiliň” futzalçylary “Serhetçiniň” derwezesine 13 pökgi gönükdirdiler.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň topary bilen geçirilen oýun hem uly tapawut — 5:1 hasaby bilen tamamlandy.

Toparçadaky oýunlaryň netijeleri boýunça ýarym finalyň jübütleri “Talyp sporty” — “Köpetdag” we “Nesil” — “Migrasiýa” görnüşinde kesgitlendi. “Talyp sporty” topary öz janköýerleriniň şatlygyny artdyryp, toparçadaky tapgyrda nusgalyk derejede çykyş edip, ýaryşyň final bölegine çykmak ugrundaky göreşde “Köpetdagdan” üstün çykdy. Duşuşygyň netijesi boýunça hasap Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplarynyň peýdasyna 5:4 boldy.

Ikinji ýarym finalda Içeri işler ministrliginiň institutynyň hem-de Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri duşuşdylar. “Migrasiýa” öz gazananlarynyň üstüne Bitaraplygyň Kubogynyň eýesi diýen baýragy hem goşmak we ozal ýeňleni sebäpli, öwezini dolmak maksady bilen “Talyp sporty” topary bilen oýnamak mümkinçiligini almak üçin final tapgyryna geçmegi maksat edindi, ýöne ýekeje ädim öňde goýlan wezipä ýetmekden saklady. Şol agşam “Nesil” öz taktiki tilsimlerini garşydaşynyň garşysyna goýmagy başardy we netijede, tereziniň agramly bölegini öz peýdasyna aşyrdy. Duşuşygyň esasy wagty 3:3 hasabynda tamamlandy, ýeňiş gazanmaga mümkinçilikler deň bolan 11 metrlik urgulary urmak tapgyrynda bolsa “Nesil” öňe saýlandy.

Şeýlelikde, finalda “Talyp sporty” we “Nesil”, bürünç medallar ugrunda “Köpetdag” we “Migrasiýa” duşuşdylar. Üçünji orun ugrundaky “Köpetdag” — “Migrasiýa” toparlaryň arasyndaky duşuşyk 2:2 hasaby bilen deň tamamlandy, 11 metrlik urgular boýunça bolsa hasap 4:3 boldy.

Final oýnuna aýratyn üns çekildi. Oňa gatnaşyjy futzalçylar bu duşuşyga ýetmek ugrundaky ýolda ähli garşydaşlaryndan üstünlikli ýeňiş gazandylar. Aýdyň hüjüm ediş häsiýetli oýunlar olaryň ikisine kyrk bäş pökgini geçirmäge mümkinçilik berdi.

Final tapgyryň derejesi garşydaşyňa ünsli çemeleşmäge borçly edýär. Duşuşygyň ilkinji minutlarynda toparlar birek-birege esewanlyk bilen garadylar. Çäksiz isleg Milli sport we syýahatçylyk institutynyň tälimçiler toparynyň amala aşan pikirleri bilen bilelikde “Talyp sportuny” “Nesil” toparyndan 2:1 hasabynda mynasyp ýeňşe ýetirdi.

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan futzal boýunça Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň netijeleri boýunça iň oňat derwezebana (Çarymyrat Öwezgeldiýew “Nesil”) hem-de iň köp pökgi geçiren oýunça (Ussat Annamyradow “Köpetdag”) sylaglar gowşuryldy. Olaryň ilkinjisi iň az gol geçirtdi, ikinjisi bolsa tersine derwezelere iň köp pökgi geçirdi, onuň geçiren pökgüleriniň sany 7-ä ýetdi.

Final duşuşygynyň jemleýji jürlewügi çalnandan soň, dessine tomaşaçylaryň köpüsi öz pikirlerini aýdyp, ýaryşyň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Eger olaryň pikirlerini umumylaşdyrsaň: ýaryş, umuman, gyzykly boldy, Kuboga bolsa alyp baran oýny iň guramaçylykly hem-de saýlanyp alnan ýokary derejeli ýerine ýetirijileri bolan topar mynasyp boldy diýen netije çykaryp bolar.

Degişli makalalar

Türkmen-Ýapon işewürler maslahaty geçirildi.

syrach

Gämiçiligiň howpsuz bolmagy üçin.

syrach

Wideoaragatnaşyk Ulgamy Arkaly Türkmenistanyň we Bütindünýä Bankynyň Arasyndaky Hyzmatdaşlyk Ara Alnyp Maslahatlaşyldy