12.9 C
Aşkabat
20.05.2024
YLYM

Gadymy Merw halkara ylmy jemgyýetçiligi bilen duşuşyga taýýarlanýar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Mary şäherinde 6-njy iýunda “Gadymy Merw—dünýä medeniýetiniň ojagy” atly halkara maslahat geçiriler, oňa GDA goşulýan ýurtlaryň tanymal alymlary gatnaşar.

2012-nji ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň konsepsiýasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki döwletler we abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň gumanitar ugruna degişli bolup durýan bu maslahatyň işiniň barşynda Arkalaşygyň ýurtlaryndan gelen wekilleriň Türkmenistanyň medeniýet, ylym we bilim, Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän taryhy – medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dünýä ýaýmak bilen bagly iş boýunça gazananlary bilen gös-göni tanyşmaga mümkinçilik dörediler.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Daşary işler ministrligi, Mary welaýat häkimligi tarapyndan guralýan we geçirilýän halkara maslahatynyň maksady halkara medeni we ylmy gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekden, Türkmenistanyň gadymy maddy medeniýeti boýunça ylmy binýady pugtalandyrmakdan hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agzalary bolan döwletler bilen medeni gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr.

“Gadymy Merw—dünýä medeniýetiniň ojagy” atly halkara maslahat Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň bilime, ylma we medeniýete degişli meseleler boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) arasynda sazlaşykly hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylýan uly möçberli işiň ösdürilmegine goşulýan nobatdaky goşanda öwrüler. Ýeri gelende aýtsak, gadymy dünýäniň meşhur şäheri hasaplanýan Merwiň täsin galdyrýan ýadygärlikleriniň toplumy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. ÝUNESKO-nyň bilermenleri türkmenleriň medeni mirasyna hem-de onuň taryhy we häzirki döwürdäki ýagdaýlaryň ösüşindäki ornuna, oňyn hyzmatdaşlyga, birek-birege düşünişilmegine, şeýle hem umumy gymmatlyklar esasynda dürli medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyga ýardam edýändigine ýokary baha berýärler.

Mälim bolşy ýaly, soňra geçmişde ussalaryň şäheri hökmünde meşhurlyga eýe bolan hem-de ajaýyp binalary asyrdan-asyra aşan Köneürgenç we dünýä taryhynda yz goýan we gadymy türkmen halkynyň binagärlik sungatynyň täsirli subutnamalaryny galdyran Parfiýa döwletine degişli Nusaýdaky galalar hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň bilermenleri Türkmenistanyň taryhy – medeni goraghanalarynyň işgärlerine gündelik işlerini häzirki döwürde bildirilýän talaplara laýyklykda alyp barmaga ýardam berip, ylmy we tehniki taýdan kömek edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellemegine görä, Türkmenistan bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak boýunça ÝUNESKO-nyň Konwensiýasyny tassyklap, ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän medeni ýadygärlikleriň we tebigy künjekleriň täsin galdyrýan toplumyny aýawly saklamagy we geljekki nesillere ýetirmegi borç edindi. Döwletimiz şu ugra eýerip, öz binýadyny berkidýär. Jemgyýet hut şol binýat esasynda öz geljegini gurýar we häzirki zaman siwilizasiýasynyň baýlaşdyrylmagyna öz goşandyny goşup, taryha, mirasa we däp-dessurlara esaslanýan medeniýetleriň gatnaşygyna parahatçylygyň berk saklanmagynyň özeni hökmünde garaýar.

Şu günler Köýtendag bilen halkara derejesinde tanyşdyrylyş çäresi hem şu ugurdaky nobatdaky ädime öwrüldi. Alymlaryň pikirine görä, bu ädim taryhy-medeni ýadygärlikleri we tebigatyň gözel künjeklerini goramak, şeýle hem bu ýerlerde syýahatçylygy ösdürmek boýunça bilelikdäki täze taslamalaryň öňe sürülmegine badalga berip biler.

Maddy däl mirasy aýawly saklamak ÝUNESKO-nyň medeniýet ulgamyndaky işiniň ýene-de bir ugry bolup durýar, şol mirasa halkyň diňe bir folklor, edebi we ruhy baýlygy däl-de, eýsem, onuň milli özboluşlylygy hem degişlidir. Şu jähetden aýdanyňda, Türkmenistan esaslandyrylan we gyzykly teklipleriň ençemesini hödürlemäge taýýar. Şolardaky meseleler alymlar we bilermenler tarapyndan içgin üns berilmäge mynasypdyr. Ýeri gelende aýtsak, muňa eýýäm badalga berildi: ozal habar berlişi ýaly, geçen hepdede ÝUNESKO-nyň howandarlyk etmeginde hereket edýän Germaniýanyň “Kunstwelt e. V. Berlin” atly medeni jemgyýeti dürli döwletleriň we halklaryň görnükli adamlary bilen tanyşdyrýan “Dünýäniň öňdengörüjileriniň ýodasy” diýen taslamasy üçin beýik türkmen nusgawy şahyry Döwletmämmet Azadyny saýlap aldy. Şol taslamanyň çäklerinde Berliniň meşhur köçeleriniň biri hasaplanýan we onuň esasy ugry bolan Fridrihştrasse dünýäniň halklarynyň ruhy mirasynyň özboluşly muzeýine öwrüler, şol ýerde Döwletmämmet Azadynyň belent ynsanperwer we umumadamzat gymmatlyklaryny beýan edýän paýhasly sözleri ýazylar.

Türkmen halkynyň ruhy mirasy 6-njy iýunda Maryda geçiriljek halkara maslahatynda öňe sürüljek esasy meseleleriň biri bolar. Öz döwründe gadymy Merw täze oý-pikirleriň we ylmy açyşlaryň özboluşly ojagy bolupdyr, şolar tutuş sebitiň ösüşine öz täsirini ýetiripdir hem-de Günbataryň we Gündogaryň medeniýetleriniň netijeli sazlaşmagyna ýardam edipdir. Bir wagtlar bu ýerdäki Beýik Ýüpek ýolundan kerwenler gatnapdyr, bu ýerde tanymal alymlar we filosoflar, matematikler we lukmanlar, sazandalar we şahyrlar ýaşapdyr hem-de döredipdir. Bir söz bilen aýdylanda, bu şäher Orta Aziýada ilkinji bolup ylmy ösdüren şäherleriň hataryndan bolup, Gündogaryň medeniýetlerini we pähim-paýhasyny özünde jemläpdir.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata Watanymyzyň ähli welaýatlaryny toplumlaýyn ösdürmek barada ýadawsyz alada etmegi netijesinde gadymy Mary şäheri taryhyň we oňa hormat goýulmagynyň ruhuny özüne siňdirmek arkaly, siwilizasiýalaryň, bilimleriň, medeniýetleriň çatrygynda ýerleşen şähere mahsus ýörelgeleri täzeden dikeldýär. Bu ýerde täze mekdepler, teatrlaryň, kitaphanalaryň, muzeýleriň ajaýyp binalary gurulýar hem-de dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen myhmanlar mähirli garşylanýar. Arkalaşygyň häzirki medeni paýtagty hasaplaýan gadymy Mary şäherinde halkara ylmy jemgyýetçiligiň gatnaşmagynda geçiriljek maslahat türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasy boýunça geçirilýän düýpli we amaly – ylmy barlaglara, dünýäniň esasy ylmy-barlag merkezleri bilen ylmy hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, iş boýunça toplanan tejribäniň alşylmagyna we halkara ylmy gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna täzeden güýçli itergi berjekdigine söz ýok.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Yök Başkanı Saraç Türkmenistan Büyükelçisi İle Görüştü

turkmenhabargullugy

Türkmenistan-UNISEF: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk.

syrach

Bäsleşik Tamamlanýar: Haýsy Eserler Öňdäki Orunlarda?