16.9 C
Aşkabat
18.05.2024
YLYM

Türkmenistan-UNISEF: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk.

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň /UNISEF/ ýurdumyzdaky wekilhanasynyň howandarlygynda bolan maslahat “Çagalara hoşmeýilli garaýan mekdepler” atly halkara başlangyjynyň Türkmenistanda dowam etmeginiň meselelerine bagyşlandy. 

“Tegelek stoluň” başynda geçen duşuşyk “Grand Türkmen” myhmanhanasynyň mejlisler zalyna milli bilermenleri hem-de bilim ulgamynyň esasy işgärlerini, milli parlamentiň hünärmenlerini, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekillerini ýygnady. 

Maslahatyň işine UNISEF-iň Türkmenistandaky wekili hanym Oýunsaýhan Dendewnorow gatnaşdy, ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän we dünýä jemgyýetçiliginiň giňden goldawyna mynasyp bolan milli bilim ulgamyny düýpli özgertmek syýasatynda gazanylan ägirt uly üstünlikleri belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan esasy halkara guramalary bilen, şol sanda UNISEF bilen netijeli hyzmatdaşlygy saklap, ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegi, ýaş türkmenistanlylaryň oňat hilli bilim we dünýä ülňüleriniň derejesinde terbiýelenmegi üçin iň amatly şertleri üpjün etmegiň wezipelerini çözmäge has çynlakaý we jogapkärli çemeleşmäni görkezýär. 

Okuw-bilim toplumynyň ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän esasy maksatlara we wezipelere hem-de innowasion bilim maksatnamasyna doly laýyk gelýän “Çagalara hoşmeýilli garaýan mekdepler” atly halkara başlangyjynyň ulgamyna goşulyşmagy bilelikdäki tagallalaryň möhüm ugurlarynyň biri boldy. Bu başlangyç boýunça güwälendiriş toplumynyň türkmen nusgasynyň öz hünärmenlerimiz tarapyndan işlenip taýýarlanmagy bu işiň esasy netijesi boldy, ol şonuň esasy ölçeglerini, şol sanda bilim bermek işiniň netijeliligini, mugallymlaryň, ata-eneleriň we tutuşlygyna alnanda, jemgyýetiň okuwçylaryň durmuşyna işjeň we bilelikde gatnaşmagyny özünde jemleýär, şol meseleler olaryň hoşniýetli ünsüniň merkezinde bolmalydyr. 

Bu güwälendiriş toplumy bilen tanyşdyrylmagy şu günki duşuşygyň möhüm meseleleriniň biri boldy. 

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanda eýýäm mekdepleriň 30-a golaýynyň “Çagalara hoşmeýilli garaýan mekdepler” atly halkara güwänamasynyň eýeleri bolup durýandygyny aýratyn kanagatlanma bilen nygtap, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň netijeliligini bellediler. 

Häzirki çäräniň çäklerinde paýtagtymyzda hem, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem birnäçe orta mekdeplere şeýle güwänamany gowşurmak dabarasy boldy.

Degişli makalalar

Ýurduň orta hünär okuw mekdeplerinde abituriýentler üçin giriş synaglary tamamlandy.

syrach

Diller Dünýäsi

Harby Talyplar we Harby Gullukçylar Ýaş Alymlaryň Bäsleşigine Gatnaşýarlar

turkmenhabargullugy