18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Garaşsyz Watanymyzyň Belentliginiň Nyşany

Garaşsyz Watanymyzyň Belentliginiň Nyşany

Balkan welaýatynyň merkezinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy üçin baýdak sütünli täze meýdançanyň açylyş dabarasy boldy.

Ýetip gelýän Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçirilýän bu şanly waka çuňňur many-mazmuna eýedir. Bu binanyň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek — ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda açylmagy türkmen halkynyň mukaddesligine—milletimiziň agzybirligini, mertebesini we buýsanjyny alamatlandyrýan Döwlet baýdagyna ägirt uly sarpanyň hem-de Watanymyza buýsanjyň, onuň nurana geljegine ynamyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän oňyn daşary syýasat ugry hem-de tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi berkarar etmäge gönükdirilen netijeli halkara başlangyçlary netijesinde, Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji merkez hökmünde abraýy barha belende galýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy ýurdumyzyň ynsanperwer, parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň nyşany hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki halkara guramalarynyň binalarynyň öňünde buýsançly pasyrdaýar.

Garaşsyzlygyň mukaddes baýdagy bilen Bitarap döwletimiz täze taryhyny döredýär, abadançylygyň we ösüşiň ýolunda belent sepgitlere ýetýär, Ýer ýüzünde kuwwatly, okgunly ösýän ýurt hökmünde mynasyp ornuna eýe bolýar, ýurdumyzda ata-babalarymyzdan miras galan ruhy-ahlak gymmatlyklary öňdebaryjy täzeçillik usullary bilen sazlaşýar.

Ýaşlary watançylyk ruhunda hem-de belent umumadamzat taglymlary esasynda terbiýelemekde milli Baýdagymyzyň ähmiýeti, Watanymyza bolan buýsanç barha artýar. Garaşsyz Watanymyzyň Tugy her bir öýüň, täze binalaryň – Garaşsyz Türkmenistanyň döredijilikli syýasatynyň subutnamasy bolan belent desgalaryň üstünde hem-de türkmen alpinistleriniň boýun egdiren dag belentliklerinde buýsançly pasyrdaýar, milli Tugumyz älem giňişliginde boldy, dürli yklymlarda zehini hem-de dürli ulgamlarda ýeten belent sepgitleri bilen ata Watanymyzy şöhratlandyrýan türkmenistanlylaryň ukyp-başarnyklarynyň alamaty hökmünde belende göterildi.

Balkanabat şäherinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy üçin baýdak sütünli täze meýdançanyň açylmagy mynasybetli geçirilen dabara welaýatyň we şäheriň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köpsanly ýaşlar gatnaşdy. Olaryň ellerinde ajaýyp gül çemenleri hem-de dürli öwüşginli howa şarlary bar. Meýdançada goşunlaryň dürli kysymlarynyň harby gullukçylary nyzama düzüldi.

Watanymyzyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy dabara aýratyn öwüşgin çaýyp, oňa gatnaşyjylaryň belent watançylyk duýgusyny artdyrdy. Ägirt uly baýdak sütüniniň 100 metr belentligine mukaddes Tugumyz dabaraly ýagdaýda galdyryldy. Ýygnananlar joşgunly el çarpyşmalar bilen bu tolgundyryjy pursady mübäreklediler.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň öňünde gadymy milli ýörelgelere laýyklykda baş egýärler. Türkmenleriň mukaddes Tuguna belent mertebe goýýandygyny görkezýän bu dessur halkymyzyň ata-babalarymyzyň ruhy wesýetlerine wepalydygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Balkanabat şäheriniň täze etrapçalarynyň birinde Gurbansoltan eje şaýolunyň ugrunda ýerleşen bu desganyň gurluşygynda granit we mermer daşlary peýdalanyldy. Umumy meýdany 3,34 gektara barabar bolan onuň merkezinde Türkmenistanyň ösüşiň täze belentliklerine, beýik maksatlara ýetmegini alamatlandyrýan ap-ak bogaldak gurnalypdyr. Bu ajaýyp öwüşginli hem-de şol bir wagtda anyk many-mazmuna eýe bolan görnüş ýurdumyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýeten sepgitlerini alamatlandyrýar.

Şeýle desgalaryň bina edilmegi aýratyn inžener-tehniki häsiýete eýedir. Desganyň taslamasy düzülende köpsanly şertler, şol sanda tebigy howa hem-de seýsmiki täsirler göz öňünde tutuldy, şunuň bilen baglylykda, iri möçberli gurnamanyň berkligini üpjün edýän enjamlar gurnaldy. Belende galdyrylan Tuguň ini 20 metre hem-de uzynlygy 30 metre deň bolup, umumy meýdany 600 inedördül metre barabardyr. Baýdak sütüniniň öňünde hormat garawuly goýlupdyr.

Bu ýerde şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň portireti hem-de ýurdumyzyň Döwlet nyşanlary – Tugra hem-de Baýdak şekillendirilen uly monitorlar goýlupdyr.
Meýdançanyň gapdallarynda beýikligi 22 metre deň bolan minara görnüşli sütünler oturdylypdyr, oturgyçlar hem-de bezeg yşyklandyryjy çyralar gurnalypdyr. Ýanaşyk çäklerde arçalaryň 900 düýbi hem-de beýleki baglar ekilipdir, olar üçin 1,2 gektar meýdan bölünip berlipdir.

Bu belent desga agşamlaryna has-da ajaýyp görnüşe girer, şonda baýdak sütüniniň bogaldagy çyralaryň kesişýän şöhlelerinde üýtgeşik öwüşgine eýe bolar. Şu günden başlap bu meýdança şäheriň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüler. Bu ýerde milli baýramlar mynasybetli dabaralar geçiriler.

Balkanabatdaky milli Tugumyz pasyrdaýan täze baýdak sütüni birnäçe kilometr uzakdan seleňläp görünýär hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagy pasyrdaýan belent binalaryň hataryna sazlaşykly goşulýar. Mälim bolşy ýaly, olaryň iň belendi–133 metre deň bolan baýdak sütüni Watanymyzyň paýtagty ak mermerli Aşgabatda oturdyldy hem-de 2010-njy ýylda Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, ýurdumyzyň mukaddeslikleri bolan döwlet Senamyz, Tugramyz, Tugumyz döwletimiziň güýji we kuwwaty, milletimiziň abraýy hem-de mertebesi, türkmen halkynyň garaşsyz we gülläp ösýän Watan baradaky arzuwlarynyň hasyl bolmagyny alamatlandyrýar.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Watanymyzyň abadançylygy baradaky ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan edip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Degişli makalalar

Ylma Daýanmak-Türkmenistany Innowasion Taýdan Ösdürmegiň Ugry

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Ylmy Jemgyýetçiligine Gutlag Hatyny Iberdi

Prezidentimiz Permana Gol Çekdi

syrach