15.9 C
Aşkabat
19.05.2024
DURMUŞ

Suw Damjasy Altyn Dänesi Baýramçylygyna Taýýarlyk

Wise-premýer şeýle hem ýetip gelýän “Suw damjasy-altyn dänesi” baýramçylygyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 2-5-nji aprelde geçirilmegi meýilleşdirilen dabaralaryň çäklerinde paýtagtymyz Aşgabatda «Suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmagyň hem-de daşky gurşawy aýawly saklamagyň möhüm meseleleri» atly halkara suw maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Maslahata gatnaşyjylaryň «Altyn asyr» Türkmen kölüne baryp görmekleri guralar. Mundan başga-da paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Döwletara suw hojalyk utgaşdyryjy toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Baş dabarany Aşgabat şäherinde, Garagum derýasynyň kenarynda taýýarlanan ýörite meýdançada geçirmek meýilleşdirilýär. Bu ýerde ýurdumyzyň suw hojalyk ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň, obasenagat toplumynyň hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergilerini, ýurdumyzyň welaýatlarynyň folklor toparlarynyň edebi-sazly çykyşlaryny, sportuň we milli oýunlarymyzyň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek şeýle hem baýramçylyk mynasybetli dabara gatnaşyjylar tarapyndan bag ekmek çäresi meýilleşdirilýär. Çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Suw serişdelerini netijeli peýdalanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Bu syýasat ilkinji nobatda obasenagat toplumyny çalt depginler bilen ösdürmegiň, daşky gurşawy goramagyň we ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmegiň wezipelerini çözmek bilen baglydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýyşy ýaly, biziň ýurdumyz bu meselelerde örän işjeň orun eýeläp, degişli ugurda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny yzygiderli giňeldýär.
Milli Liderimiz mundan beýläk-de ýurdumyzda döwrebap suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, suw serişdelerini tygşytlamaga ýardam edýän öňdebaryjy dünýä tejribesini, innowasion ylmy-tehniki işläp düzmeleri öwrenmek we işde ulanmak meselelerine aýratyn üns bermegi talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz “Suw damjasy-altyn dänesi” baýramçylygy mynasybetli meýilleşdirilen ähli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Degişli makalalar

Ýaşajyk Zehinleriň 56-sy Gulbaba Adyndaky Baýraga Mynasyp Boldular

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasy Tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna Bagyşlanan Leksiýa Gurnaldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Adyndan 1941-1945-nji Ýyllaryň Urşuna Gatnaşan Weteranlara we Söweşde Wepat Bolanlaryň Ýanýoldaşlaryna Gymmat Bahaly Sowgatlar Gowşuryldy