14.9 C
Aşkabat
19.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Garaşsyz,hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna.

Sizi döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz baglanyşygyny, halkymyzyň agzybirligini we bitewüligini, beýik ynsanperwerlik gymmatlyklaryna, parahatçylyk we döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlylygyny alamatlandyrýan umumymilli sene – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni – Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu ajaýyp baýramyň şanyna geçiriljek halkara maslahatynyň, aýdym-sazly çykyşlaryň, döredijilik duşuşyklarynyň, şygryýet agşamlarynyň, bäsleşikleriň we beýleki dürli çäreleriň halkymyzyň kalbynda egsilmez joşgun, buýsanç we aýdyň geljegimize bolan synmaz ynamy berkitjekdigine pugta ynanýaryn! 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy berkarar döwletimiziň Esasy Kanuny bolup, halkymyzyň demokratik, hukuk, dünýewi döwleti gurmak baradaky isleg-arzuwlaryny, müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen bay taryhy tejribesini, döwlet gurmak boýunça mirasyny, demokratik taglymatlaryny özünde jemleýär. Döwletimiziň bu möhüm resminamasy adam hukuklary we azatlyklary babatda umumy ykrar edilen halkara hukuk ýörelgelerine we kadalaryna laýyklykda has-da kämilleşdirilen mukaddes gymmatlygymyzdyr. 

Biziň Konstitusiýamyz adamy jemgyýetimiziň we döwletimiziň in gymmatly hazynasy hökmünde ykrar edýär. Döwlet gurluşynyň milli we dünýä tejribesiniň, umumyadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny özünde jemleýän Esasy Kanunymyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtly we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdinlen iri möçberli durmuş-ykdysady özertmelerimiziň berk binýady we döwletimiziň kanunçylyk esaslaryny düzýän hukuk namalarynyň hem çeşmesi bolup durýar. 

Mähriban halkym! 

Biz belent ynsanperwerlik ýörelgelerine berk eýermek bilen, halkymyzyň durmuşyny hil taýdan özgertmäge niýetlenen, jemgyýetimiziň ösüşiniň durnuklylygyny we netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berýän, anyk maksatlara gönükdirilen köpugurly işleri alyp barýarys. Geljekde hem halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek, şahsyýete, adama, onuň hukuklaryna we azatlyklaryna, erkin ösüşine we abadançylygyna döwlet derejesinde aýratyn üns bermek hem-de ynsan mertebesini belent tutmak maksady bilen, Konstitusiýamyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alýan esaslaryny we kadalaryny yzygiderli kämilleşdireris hem-de ajaýyp ýurdumyzda asuda we bagtyýar durmuşymyzyň binýadyny has-daberkideris! 

Turkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutýar, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni we hukuk giňişliginde Bitarap döwlet hökmünde parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik taglymatlaryny öňe sürýär, sebitde we dünýäde syýasy durnuklylygy saklamak we goldamak, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerini ösdürmek babatda halkara tagallalaryny goldaýar. Biz Konstitusiýamyzda mynasyp orun alan parahatçylygyň we ynsanperwerligiň asylly maksatlarynyň hatyrasyna dünýä bileleşigi bilen halkara syýasatyna düýpli täsir edýän hem-de durnukly ösüşi gazanmaga itergi beryän hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge hemişe taýýardyrys. 

Eziz watandaşlar! 

Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzda giňden bellenýän baýramdyr. Bu baýramyň dabaraly bellenýän günlerinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň Watanymyza, halkymyza, adamzada bolan beýik söýgiisiniň nyşany bolan, pähim-parasada, şirin duýgulara eýlenen aJaÝyP Şygyriary, adalatly jemgyýet, bagtly ýaşaýyş hakyndaky dürdäne pikirleri, bitewi, erkin, kuwwatly türkmen döwletini berkarar etmek hakyndaky çagyryşlary belentden ýaňlanýar. Şeýle hem, asylly däbe eýerilip, beýik akyldar şahyrymyz Döwletmämmet Azadynyň we halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň sarpasyny has-da belent tutmak, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerimizi dabaralandyrmak maksady bilen, olaryň aramgählerine zyýarat edilýär, Magtymguly Pyragynyň berkarar Watanymyzdaky we daşary ýurtlardaky ýadygärliklerine ter gül desseleri goýulýar. 

Akyldar şahyrymyzyň umumyadamzat gymmatlygyna öwrülen pikir-garaýyşlary, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak arassalygy hakyndaky öwüt-ündewleri halkymyzyň durmuş ýörelgesi we pelsepesidir. Beýik şahyryň asyrlar aşyp, biziň döwrümize gelip ýeten müň dürli öwüşginli şygyrlary, ene topragy, ata Watany ýürekden söýmäge we ynsanperwerlige çagyryşlary, parasatly sargytlary bütin adamzadyň ruhy gymmatlygyna öwrüldi. 

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! 

Sizi belent watansöýüjilik we buýsanç duýgularyna beslenýän baýramçylyk bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyn kabul edilen senesi – Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, uzak ömür, asuda, abadan we bagtyýar durmuş arzuw edyärin! 

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Degişli makalalar

“Türkmennebitönümleri” Ulgamynda-Mary Welaýatynda Täze Desga Ulanyşa Girizildi

turkmenhabargullugy

Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen gepleşikleri.

syrach

Atçylyk Pudagynyň Ussatlaryny Sylaglamak Dabarasy