04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanda Ispaniýa Patyşalygynyň ilçisi işläp başlady.

 Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Hose Ignasio Karbahaldan ynanç hatyny kabul etdi. 

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa Türkmenistan bilen Ispaniýanyň arasynda dostluk hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde uly üstünlikler arzuw etdi. 

Hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, ilçi öz gezeginde döwlet Baştutanymyza we tutuş türkmen halkyna öz ýurdunyň ýolbaşçy düzüminiň adyndan mähirli sözlerini we iň gowy arzuwlaryny aýtdy. 

Gürrüňdeşligiň barşynda diplomat ýurtda milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeler, şeýle hem türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen we häzirki döwürde durmuşa geçirilýän iri möçberli taslamalar hem-de maksatnamalar bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem diplomata milli parlamentiň düzümi we ýurdy ösüşiň täze derejesine çykarmaga, her bir raýatyň abadançylygyna gönükdirilen özgertmeleriň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegi boýunça durmuşa geçirýän çäreleri barada aýdyldy. 

Bitarap Türkmenistanyň sebitde durnuklylygyň berkidilmegini we dünýäniň ähli döwletleri bilen işjeň hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini şertlendirýän daşary syýasat ugruna ýokary baha bermek bilen, ilçi Ispaniýanyň türkmen döwleti bilen ikitaraplaýyn bolşy ýaly, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýola goýulýan özara peýdaly we uzakmöhletleýin gatnaşyklaryň giňeldilmegine hem-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. 

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, ulag we aragatnaşyk, syýahatçylyk, obasenagat toplumy, suw hojalygy we energiýanyň alternatiw çeşmelerini peýdalanmak ýaly ugurlardaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi. Şeýle hem gumanitar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň , ylym-bilim we medeni alyş-çalyşlary artdyrmagyň derwaýysdygy bellenildi. Iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, ýygjam parlamentara aragatnaşyklaryň ýola goýulmagy barada teklip aýdyldy. 


Şu gün Ispaniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Hose Ignasio Garbahal ýurdumyzyň birnäçe ministrliklerinde we pudaklaýyn edaralarynda, şol sanda Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Duşuşyklarda döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri boýunça gyzykly pikir alyşmalar boldy.

Degişli makalalar

2017-nji Ýylyň Apreli: Döwlet Baştutanymyzyň Daşary Syýasat Başlangyçlarynyň Ugry Bilen

“Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk” atly kitap ýapon dilinde.

syrach

Türkmen Howa Ýollary Aşgabat-Ýerewan-Frankfurt Ugry Boýunça Gatnawy Açdy

turkmenhabargullugy