15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Gaz akymy artar.

Uzynlygy 188 kilometr we diametri 1420 mm bolan Malaý-Bagtyýarlyk gazgeçirijisinde umumy uzynlygy 90 kilometr we diamteri 1420 mm ýokary basyşly gazgeçirijisiniň lupingniň gurluşygy alnyp barylýar. Esasy turbageçirijiniň gapdaly bilen çekilýän turbageçirijiniň bu bölegi – Lupingi onuň geçirijiligini artdyrmak üçin çekilýär. Lupingiň gurluşyk işleri tamamlanadan soňra Malaý-Bagtyýarlyk gazgeçirijisiniň geçirijilik ukyby ýylda 15 milliard kub metre çenli artar. Bu bolsa, Türkmenistan-Hytaý baş gazgeçirijisi boýunça ýangyjyň iberilşini artdyrmaga, türkmen “mawy ýangyjyny” daşary ýurtlara ibermäge mümkinçiligini artdyrmaga şertleri döreder.

Taslama-smeta işleri “Türkmengaz” Döwlet konserniniň Nebit we gaz instituty tarapyndan işlenilip taýýarlandy hem-de ol ikitaraplaýyn howa bilen arassalaýjaly kran uzelleriniň onlarçasyny, dürli görnüşli päsgelçiliklerden geçmegi, arassalaýyş gurluşlaryny göýberiş we kabul ediş kameralaryny, häzirki ýokary basyşly Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisiniň arasyndaky bentleri, şeýle hem Amyderýanyň üstünden geçelgäni öz içine alýar. Şeýle hem taslamada häzirki basyş stansiýalarynyň arasyndaky bentler, gazy arassalaýjy enjam we “Bagtyýarlyk” senagat meýdançasynda hojalyk hasaplaşygyndaky ölçeýji uzel göz öňünde tutulandyr.

Gazgeçirijisiniň goşmaça böleginiň gurluşyk işleri “Türkmengaz” Döwlet konserniniň “Türkmengazakdyryş” birleşiginiň “Gündogargazakdyryş” müdirliginiň buýurmasy boýunça “Türkmennebitgazgurluşyk” Döwlet konserniniň güýçleri bilen alnyp barylýar. “Lebapnebitgazgurluşyk” edarsy baş potratçy bolup çykyş edýär. Gurluşyk işleri başlaly bäri gazgeçirijisiniň 80 kilometrden gowragy, diýametri 1400 bolan kran uzelleriniň onysy, arassalýyş gurluşlaryny kabul edýän kamera, Türkmenistan-Hytaý häzirki ýokary basyşly gazgeçirijisiniň arasyndaky bentler gurnaldy.

Amyderýanyň üstünden geçýän uly geçelge lupingiň möhüm böleginiň biridir. Ony gurmak barada Beýik Britaniýanyň “PetroGasLLP” kompaniýasy bilen şertnama baglaşyldy. Bu desgada eýýäm inženerçilik-gözleg we ýer işleri alnyp barylýar. 

Degişli makalalar

Polşanyň Täze Prezidenti Andrzež Duda Boldy

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

syrach