15.9 C
Aşkabat
19.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanda halkara nebitgaz forumy öz işini tamamlady.

Paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde halkara nebitgaz forumy öz işini tamamlady, şonuň çäklerinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2013” atly halkara sergi we “Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlyk: ileri tutulýan ugurlar, sepgitler, mümkinçilikler” atly 18-nji halkara maslahat geçirildi.

Ykdysady foruma daşary ýurtlaryň nebitgaz we hyzmat kompaniýalarynyň, iri halkara guramalarynyň, ABŞ-nyň, Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Malaýziýanyň, Gazagystanyň hem-de Ýewropanyň, Aziýanyň, GDA-nyň beýleki ýurtlarynyň dürli döwlet düzümleriniň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Foruma dünýäniň syýasy we işewür toparlary tarapyndan uly gyzyklanma bildirilmegi ýangyç serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolup durýan Türkmenistanyň örän uly energetiki mümkinçilikleri bilen baglydyr. Türkmen döwletiniň Baştutany –hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän daşary syýasatyň açyklygy şol gyzyklanmanyň has-da artmagyna getirýän möhüm ýagdaýdyr, dünýä ykdysadyýeti üçin strategik taýdan wajyp ähmiýete eýe bolan bu ulgamda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Türkmen Lideriniň ählumumy energetiki howpsuzlygy üpjün etmek boýunça öňe süren netijeli başlangyçlary hem-de şol başlangyçlary üstünlikli amala aşyrmak ugrundaky anyk ädimler, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň, tutuş milli ykdysadyýetiň sazlaşykly ösdürilmegi, ýurdumyzda maýa goýumlary boýunça oňaýly ýagdaýyň döredilmegi hem-de munuň halkara düzgünlerine laýyk gelýän milli kanunçylyk we anyk taslamalar arkaly berkidilmegi – bularyň ählisine dünýäniň nebitgaz boýunça işewür toparlarynyň wekilleri tarapyndan Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň dolulygyna goralmagynyň syýasy we ykdysady taýdan berk kepillendirilmegi hökmünde garalýar.

Üç günlük forumyň işiniň barşynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna degişli düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýänler şu ulgamda özara arkalaşykly hereket etmegiň geljekki mümkinçilikleri we strategiki ugurlary boýunça özlerini gyzyklandyrýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, türkmen ýangyç serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ýetirilmegini mundan beýläk-de diwersifikasiýa etmek Halkara maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň birine öwrüldi. Forumdaky çykyşlarda energetika boýunça kuwwatly döwlet hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň gorlarynyň häzirki wagtda şertli ýangyjyň 71,21 milliard tonna barabar bolup durýandygy, ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birlikde nobatdaky uly möçberli taslamalary amala aşyrmak we işläp taýýarlamak arkaly köpugurly gaz iberiji ulgamy maksada okgunly döredýändigi bellenildi. Forumyň çäklerinde Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi boýunça Tranzaksiýa Geňeşçisi bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň, Owgan gaz korporasiýasynyň, “Inter state gas sistems” (Private) limited” (Pakistan) korporasiýasynyň, “Gail (Indiýa) limited” (Hindistan) kompaniýasynyň we Aziýanyň Ösüş bankygnyň arasynda Hyzmatlar Ylalaşygyna gol çekildi.

Şeýlelikde, Aziýanyň Ösüş banky indiden beýläk TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Tranzaksion Geňeşçisi hökmünde çykyş edýär. Onuň esasy wezipesi TAPI Ltd. taslamalaýyn kompaniýany döretmekden ybaratdyr. Onuň esasy paýdarlary bolsa başlangyç tapgyrda ýokarda agzalan taraplaryň ygtyýarly wekilleriniň, şeýle hem Aziýanyň ägirt uly giňişliginde energetiki taslamalaryň birini durmuşa geçirmegi maksat edinýän konsorsiumyň ýolbaşçysyny gözlemek bilen bagly meseleleri çözerler.

Şol sanda Transhazar gaz geçirijisini gurmagyň hasabyna türkmen gazynyň Ýewropa iberilmegini amala aşyrmagyň mümkinçiligi forumda ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleleriň biridir. Şunda Ýewropa bileleşiginiň Türkmenistana goşulyşan, toplumlaýyn bazary hödürlemäge taýyndygy hem-de onuň ýagdaýynyň öňünden çaklanyp bilinmegine, degişli hukuk kadalarynyň, ylalaşyklaryň we şertnamalaryň düzgünleriniň hökmany suratda berjaý edilmegine, taraplaryň bähbitlerine hormat goýulmagyna we deňeçerligiň saklanylmagyna esaslanýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Hazar deňzindäki, şeýle hem örän uly – öz gorlary boýunça 26,2 trillion kubmetr gazdan ybarat diýlip baha berilýän we dünýäde ikinji orunda durýan “Galkynyş” ýatagyndaky ýangyç serişdelerini özleşdirmek boýunça meýilnamalary daşary ýurt nebitgaz kompaniýalarynda has uly gyzyklanma döredýär. Şunuň bilen bagly bolan wezipeleriň giň gerimliligi nebitgaz pudagynyň seýsmiki gözleg, burawlamak, nebitgaz düzümine degişli dürli desgalary gurmak ýaly köp sanly ugurlary boýunça ýurdumyzyň ýangyç – energetika toplumynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen özara arkalaşykly hereket etmelidigini görkezýär.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan ýangyjyň çykarylýan we eksporta iberilýän möçberlerini artdyrmak ugrundaky tagallalary güýçlendirmek arkaly nebiti we gazy gaýtadan işleýän täze önümçilikleri döretmek, nebithimiýa kärhanalaryny tehniki taýdan täzeden üpjün etmek boýunça netijeli çäreleri görýär hem-de bu wezipeleri ýokary tehnologik derejede berjaý edýär. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy muňa aýdyň mysal bolup biler. Häzirki wagtda bu toplumda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän nebit önümleriniň onlarça görnüşleri işlenip taýýarlanýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda tebigy gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklar 20 esse artdy.

Ýakyn wagtda Ýaponiýanyň maýa goýumlarynyň goşulmagynda umumy bahasy ABŞ-nyň 10 milliard dollaryna barabar bolan senagat desgalarynyň birnäçesi – tebigy gazy gaýtadan işläp, suwuk ýangyja öwürmek, benzin öndürmek, ýokary dykyzlykly polietileni işläp taýýarlaýan zawodlar, polietileni we polipropileni öndürýän gazhimiki toplum, Türkmenabadyň himiýa zawodynda kükürt kislotasyny işläp taýýarlaýan bölüm, Garabogaz şäherinde natriniň surfatyny we sintetiki ýuwujy serişdeleri, şeýle hem ammiak we karbamid öndürýän zawodlar, ugurdaş gazdan sintetiki nebit öndürýän kärhanalar gurlar.

Polietilen, polipropilen, poliwinilhlorid şeýle hem karbamidoformaldegidli şepbikler ýaly polimerleri we bularyň esasynda dürli boýaglary, ýelimleri, gurluşyk we kompozit materiallary öndürmek boýunça döwlet derejesinde öňde goýlan wezipeler nebitgaz toplumyny diwersifikasiýa etmegiň çäklerinde geljegine uly umyt baglanýan ýene-de bir ulgamyň – nebitgazhimiýa puldagynyň dörediljekdigini görkezýär, şonuň ngetijesinde milli ykdysadyýetimiz XXI asyrda dünýädäki hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamynda mynasyp ornu eýelär.

Şeýlelikde, serginiň we maslahatyň işiniň barşynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýagdaýy we ony ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada doly maglumat berildi hem-de bilelikdäki tagallalaryň we maýa goýumlarynyň gönükdirilip bilinjek ugurlary hem-de hyzmatdaşlyk etmek arkaly toplanan tejribe äşgär edildi.

Maslahatda türkmen hünärmenlerini gyzyklandyrýan hem-de ýakyn geljekde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda isleg bildirilip bilinjek ýagdaýlar ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de iri kompaniýalaryň we firmalaryň diwarlyklarynda görkezildi. Bular Aşgabatda Türkmenistanyň has täze tehnologiýalaryň we enjamlaryň ulanylmagyny ugur edinýndigini göz öňünde tutmak arkaly özleriniň täze işläp taýýarlamalaryny görkezdiler. Olaryň arasynda “Shevron”, “Exxon Mobil” (ABŞ), “Total”, ”Schlumberger” (Fransiýa), “Itera”, “Tatneft” (Russiýa), “RWE” (Germaniýa) “Pietgo Fiorentini” (Italiýa), “Petronas Charigali” (Malaýziýa), “Dragon oil”(BAE), Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC), “Weatherford” (Şweýsariýa) hem-de dünýäniň nebitgaz boýunça işewürlige degişli beýleki köp sanly kompaniýalar bar.

Maslahata gatnaşan daşary ýurtlularyň – kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň, nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň, önüm öndürýän zawodlaryň, ylmy toparlaryň wekilleriniň, şeýle hem degişli döwlet düzümlerine ýolbaşçylyk edýän ýokary wezipeli resmi adamlaryň çykyşlarynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ýokary baha berildi. Şol hyzmatdaşlyk ýurdumyzda daşary ýurtly maýadarlar we hyzmatdaşlar üçin has oňaýly şertleriň döredilmegine esaslanýar. Ilkinji nobatda-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan “açyk gapylar” syýasatynyň ýöredilmegi muňa mysal bolup biler. Şol syýasat göwnejaý kanunçylyk binýadynyň, salgyt salmak boýunça ýeňillikli şertleriň döredilmegi hem-de tutuş ykdysadyýetiň batly depgin bilen ösdürilmegi hyzmatdaşlaryň türkmen bazary babatda uly gyzyklanma bildirmegini şertlendirýär.

Başga-da, ençeme belli kompaniýalaryň ýolbaşçylary geljegine uly umyt baglanýan türkmen bazarynyň ýagdaýyny göz öňünde tutup, netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna uly gyzyklanma bildirdiler. Olar Türkmenistanyň ýangyç-energetiki toplumynyň gazananlary bilen tanyşdylar hem-de öz mümkinçiliklerini äşgär etdiler.

Türkmenistan ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatlyklaryny yzygiderli ýagdaýda artdyrýar, muňa pudaga innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de türkmen topragyndaky ýataklarda bar bolan we gözleg geçirýän geologlar tarapyndan ýangyç serişdeleriniň täze we täze uly gorlarynyň açylmagy degerli ýardam berýär. Ýurdumyzyň bu ugra degişli halkara borçlaryny berjaý etmek arkaly, ýangyç serişdeleriniň gaýtadan işlenýän we daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini yzygiderli ýagdaýda artdyryp, dünýäde energetiki howpsuzlygyň üpjün edilmegi boýunça wezipeleriň çözülmegine önjeýli goşant goşýandygyna söz ýok.

Şu sergi we maslahat energetika ulgamyndaky giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň we degişlilikde Türkmenistanyň dünýäniň energşetika ulgamyna dolulygyna goşulyşmagynyň, pudaga maýa goýumlaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmegiň ýolunda ýene-de bir ädime öwrüldi. Geçirilen netijeli duşuşyklar, täze taslamalar we teklipler, nebitgaz forumynda pikir alşylmagy ýakyn geljekde täze şertnamalaryň baglaşylmagyna we bu düzüme degişli desgalaryň gurulmagyna, özara peýdaly işewür gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.

Halkara forumynyň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara diplomlar we halkara ülňülerine laýyk gelýän sertifikatlar gowşuryldy. Halkara sergisine we ylmy maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, şonda myhmansöýerlik we forumyň göwnejaý guralandygy, oňyn başlangyçlar hem-de ýangyç-energetika ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygyna goldaw berilýändigi üçin minnetdarlyk bildirdiler.

Degişli makalalar

«Rowana Ak Ýollar Garaşýar Bize»

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Bilen Özbegistanyň Saýlanan Prezidentiniň Arasynda Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Boldy

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň bitaraplygy.

syrach