15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary.

Şu gün, 2-nji dekabrda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana başlanýan resmi saparynyň barşynda ýokary derejede gepleşikler geçiriler. Olar asyrlaryň dowamynda mizemez dostluk we doganlyk gatnaşyklary bilen bagly bolan goňşy döwletleriň we olaryň halklarynyň arasyndaky netijeli syýasy gatnaşyklary has-da ösdürmäge, söwda-ykdysady gatnaşyklary we däbe öwrülen medeni-gumanitar gatnaşyklary giňeltmäge täze itergi berer. 

Döwletara gatnaşyklarynyň gazanylan ýokary derejesi Türkmenistanyň we Gazagystanyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge we hemmetaraplaýyn ösdürmäge tarap esasy ugra bolan ygrarlylygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda okgunly ösüşe eýe bolup, sebit ähmiýetli bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmagyň hasabyna täze mazmun bilen baýlaşdy. 

Özara gatnaşyklaryň saldamly kadalaşdyryjy—hukuk binýady türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin esas bolup hyzmat edýär. Ol dürli derejelerde gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň onlarçasyny, şeýle hem geçen ýyllaryň içinde iki ýurduň Liderleriniň–Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Nursultan Nazarbaýewiň arasynda emele gelen mähirli, ynamly gatnaşyklary öz içine alýar. Şol gatnaşyklar taraplaryň netijeli gatnaşyklary ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara guramalarynyň we abraýly düzümleriň çäklerinde giňeltmäge çalyşýandygyny we gyzyklanma bildirýändigini aňladýar. 

Türkmenistanyň we Gazagystanyň halkara ykdysady giňişligine has işjeň goşulmagyny ugur edinmekde özara düşünişmegiň bardygyny, iki ýurduň Merkezi Aziýa sebitini has-da ösdürmäge bolan garaýyşlarynyň birmeňzeşdigini bellemek gerek. Häzirki döwletara gatnaşyklarynyň esasynda duran birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri şol garaýyşlaryň kesgitleýji şertleri bolup durýar. 

Ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ençeme meselelerini, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň geljegini, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara syýasatynyň käbir ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. 

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Nursultan Nazarbaýewiň şu gezekki duşuşygynyň kuwwatly serişdeler binýadyna, şeýle hem ösen düzümlere eýe bolan goňşy döwletleriň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak üçin kuwwatly itergi bolup hyzmat etjekdigi gürrüňsizdir. Munuň özi dürli ugurlarda, ilkinji nobatda, energetika we ulag ulgamynda bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Goňşy ýurtlar şol ugurlaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýärler. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hünärmenleriniň “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň türkmen böleginiň gurluşygyny möhletinden öň tamamlamagy aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Goňşy ýurtlaryň Liderleriniň pikirine görä, bu ýoly ulanmaga bermegiň dabarasy Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ykdysady taýdan amatly demir ýol ugruny üpjün etmäge, tutuş sebitiň abadançylygyna we durnukly ösmegine gönükdirilen ägirt uly bilelikdäki taslamany amala aşyrmakda taryhy waka öwrüler. 

Özara gyzyklanma döredýän meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde gumanitar ulgamynda özara gatnaşyklara, ylym-bilim ulgamynda gatnaşyklaryň, şeýle hem Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň berkidilmegine aýratyn üns berler. Şol gatnaşyklar taryhy nukdaýnazardan biri-birine ýakyn goňşy halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi we ynanyşmagy has-da pugtalandyrmaga hyzmat edýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

syrach

Türkmenistan’ın Yeni Elçisi Basın Mensuplarıyla Bir Araya Geldi

syrach

8-nji Mart Aýal-Gyzlar Güni