18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistan bilen Bolgariýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-bolgar toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-bolgar toparynyň üçünji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary 2016-njy ýylyň 16-18-nji marty aralygynda Bolgariýa Respublikasynyň Sofiýa şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

 ***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Islam Ibragimowiç Umarow Türkmenistanyň senagat ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi. 

*** 

Ýurdumyzyň döwlet kärhanalarynda, edaralarynda we guramalarynda öndürilýän önümler üçin çig mallary, kömekçi we ýangyç-energetika serişdelerini hem-de zähmet harajatlaryny sarp etmegiň kadalaryny we ölçeglerini kesgitlemegi kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine hem-de “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugyna önümleri öndürmek üçin çig mallary, kömekçi we ýangyç-energetika serişdelerini, zähmet harajatlaryny sarp etmegiň kadalaryny we ölçeglerini işläp taýýarlamagyň Tertibini bir aý möhletde taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

Ministrlikler we pudak edaralary öz garamagyndaky kärhanalarda, edaralarda we guramalarda öndürilýän önümleriň birligi üçin, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi we “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy (azyk önümleri babatda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi) bilen ylalaşyp, çig mallary, kömekçi we ýangyç-energetika serişdelerini, zähmet harajatlaryny sarp etmegiň tehniki-ykdysady taýdan esaslandyrylan kadalaryny we ölçeglerini üç aý möhletde tassyklamaga borçly edildi.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine Türkmenistanda öndürilýän önümleriň özüne düşýän gymmaty we düşewüntliligi baradaky hasabatlar boýunça maglumatlary Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine her ýylyň netijeleri boýunça bermegi üpjün etmek tabşyryldy. 

Degişli makalalar

Bakuda Maslahat Geçirildi

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgär-Seýdiniň Nebiti Gaýtadan Işleýän Zawodynyň Direktory, Türkmenistanyň Mejlisiniň Deputaty Ramazan Mustapakulyýewiç Durdyýewiň Maksatnamasy

Harby Tilsimlere Uly Orun Berildi