35.9 C
Aşkabat
02.08.2025
YLYM

Gazagystanda Okuw Çäresi Geçirildi

2015-nji ýylyň 7-nji aprelinde Aktau şäheriniň 3-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20-ýyllygy hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we Parahatçylyk Ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dostluk okuw sapagy geçirildi.

Sapaga Aktau şäher häkimliginiň bilim bölüminiň hünärmenleri, ýerli metbugat wekilleri, mekdebiň mugallymlary we 9-10-njy synp okuwçylary gatnaşdylar. Türkmenistanyň konsuly M.Dowdanow Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy we türkmen-gazak gatnaşyklary barada leksiýa okady. Soňra ýygnananlara Türkmenistanyň häzirki zaman gazananlaryna bagyşlanan wideofilm görkezildi. Esasy böleginden soňra sapak “sowal-jogap” görnüşinde dowam etdirildi. 

Sapagyň ahyrynda mekdebiň direktory A.Karabaýewa minnetdarlyk sözleri bilen çykyş etdi we okuwçylaryň birnäçesi türkmen we gazak dillerinde goşgy okadylar. Şeýle-de sapagyň dowamynda tapawutlanan okuwçylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

turkmenhabargullugy

Pudaklaýyn Forumlar-2018: Ylym-Bilim Ulgamy, Saglygy Goraýyş we Sport: Innowasiýalar Ýolunda

turkmenhabargullugy

12 ýyllyk umumy bilime geçmäge taýýarlyk.

syrach