15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
YLYM

Muzeýleriň we kitaphanalaryň elektron kataloklary döredilýär.

Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde kitaphanalaryň we muzeýleriň işgärleriniň maslahaty bolup geçdi. Maslahatyň işine paýtagtyň we welaýatlaryň kitaphana we muzeý işgärleriniň 600-den gowragy, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň we Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplarydyr okuwçylary gatnaşdylar. 

Ýurtda kitaphana we muzeý işiniň ösdürilmegine döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri – ýazyjylar, hudožnikler, teatrlaryň wekilleri, gazetleriň hem-de telewidenýäniň we radyolaryň žurnalistleri uly gyzyklanma bildirdiler. 

Maslahatyň işiniň dowamynda işe täze çemeleşmeler we görnüşler, şol sanda kitap ammarlarynyň elektron kataloklaryny döretmek, medeniýet edaralarynyň bütewi maglumat ulgamyny, elektron kitaphanalaryny we wirtuoz galareýalary döretmek, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, dünýäniň meşhur muzeýleri we iri kitaphanalary, daşary ýurt restawratorlary bilen göni aragatnaşygy ýola goýmak ýaly, möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususanda, 2011-nji ýylyň sentýabr aýynda açylan Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri ABŞ-a we Hytaýa bolan özleriniň iş saparlary barada gürrüň berdiler. 

Şeýle hem maslahatyň dowamynda medeni ulgamy döwrebaplaşdyrmak we giňeltmek bilen baglanyşykly Türkmenistanda muzeý we kitaphana işlerini ösdürmegiň geljegiene garaldy. Şeýlelikde, öň Maryda gurulan şular ýaly binanyň 1 müň kitap ýerleşýän Daşguz welaýat kitaphanasynyň gurulmagy bu ulgamda ädilen täze ädim bolar. Bu häzirki zaman kitap saklanylýan ýerli, obserwatoriýaly, internet kafeli, kompýuterleşdirilen katalogly, okyjylara niýetlenen birnäçe zally, maslahat zally, dürli oýnawaç enjamlary bilen üpjün edilen çagalar otagly bu bina 7 gatdan ybarat bolar.

Degişli makalalar

Sanawdaky Medipol Uniwersiteti Türkmen Talyplaryna Garaşýar

Ýokary we Orta Hünär Okuw Mekdeplerine Kabul Etmek Dowam Edýär

syrach

Üstünlikler-Kämilligiň Basgançaklary